HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň “Transsion” kompaniýasy dünýäniň iň iri dördünji smartfon öndürijisi bolup biler

Noýabr 20, 2023 | 12:34 |7493
Şu ýylyň üçünji çärýeginiň jemlerine laýyklykda, kompaniýa dünýä bazarynyň 8,6% -ini eýeledi we bu babatda dördünji orunda barýan “Oppo” kompaniýasyndan biraz yza (8,9%) galdy.Şu ýylyň üçünji çärýeginiň jemlerine laýyklykda, kompaniýa dünýä bazarynyň 8,6% -ini eýeledi we bu babatda dördünji orunda barýan “Oppo” kompaniýasyndan biraz yza (8,9%) galdy.
Çeşme: techbukka.com

“International Data Corporation” atly Halkara gözleg we maslahat beriş kompaniýasynyň mälim etmegine görä, Hytaýyň “Transsion” kompaniýasy dünýäniň iň iri dördünji smartfon öndürijisi bolup biler.

Şeýlelikde, şu ýylyň üçünji çärýeginiň jemlerine laýyklykda, kompaniýa dünýä bazarynyň 8,6% -ini eýeledi we bu babatda dördünji orunda barýan “Oppo” kompaniýasyndan biraz yza (8,9%) galdy.

Ýaponiýanyň iň uly media korporasiýalarynyň biri bolan “Nikkei Asia” -nyň habaryna görä, şu ýylyň başyndan bäri “Transsion” kompaniýasynyň girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20 göterim, arassa girdejisi bolsa 70 göterim artyp, jemi 5,8 milliard dollara barabar boldy.

“Transsion” smartfon bazarynda täze dörän oýunçylaryň biridir. Ol 2006-njy ýylda Hytaýyň günorta-gündogaryndaky Şençžen şäherinde esaslandyryldy. Kompaniýa häzirki wagtda göterýän ady bilen 2013-nji ýyldan bäri tanalýar.

“Transsion” kompaniýasy Afrikada we Günorta Aziýada “Tecno”, “Itel” we “Infinix” haryt nyşanly mobil telefonlaryny satýar. Şeýle hem kompaniýa “Carlcare” kömekçi hyzmatyny dolandyrýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026