HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara guramalarynyň wekilleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

Noýabr 20, 2023 | 10:54 |5299
Çäräniň dowamynda degişli hasabatlar diňlenildi. Mysal üçin, Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Tatýana Proskuryakowa bankyň hödürleýän umumy maýa goýumynyň ýarysyny suw pudagy, energiýa we ekologiýa boýunça taslamalara gönükdiriljekdigini mälim etdi.Çäräniň dowamynda degişli hasabatlar diňlenildi. Mysal üçin, Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Tatýana Proskuryakowa bankyň hödürleýän umumy maýa goýumynyň ýarysyny suw pudagy, energiýa we ekologiýa boýunça taslamalara gönükdiriljekdigini mälim etdi.
Çeşme: e-cis.info

Birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüş meselelerini “tegelek stol” görnüşinde geçirilen maslahatda ara alyp maslahatlaşdylar. Bu maslahata Ýewraziýa Ösüş bankynyň, Bütindünýä Bankynyň, Aziýa Ösüş bankynyň, Aziýanyň infrastruturalara maýa goýum bankynyň, Yslam Ösüş bankynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), BSGG-niň, Senagat Ösüşi guramasynyň, Daşky gurşaw maksatnamasynyň, ESKATO-nyň, Ösüş Maksatnamasynyň, Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda degişli hasabatlar diňlenildi. Mysal üçin, Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Tatýana Proskuryakowa bankyň hödürleýän umumy maýa goýumynyň ýarysyny suw pudagy, energiýa we ekologiýa boýunça taslamalara gönükdiriljekdigini mälim etdi.

“Bütindünýä Banky üçin bu ugurlardaky meseleler örän wajypdyr. Merkezi Aziýadaky maýa goýum bukjamyz takmynan 12 milliard ABŞ dollar möçberinde bolup, şonuň döretden bir bölegi suw, energiýa ýa-da daşky gurşaw pudaklaryna gönükdirilýärdi. Ýakyn geljekde bu ugurlardaky taslamalara gönükdiriljek maýa goýumlar umumy mukdaryň ýarsyna çenli eýelär” diýip Bütindünýä Bankynyň wekili belledi.

Şeýle hem Bütindünýä Bankynyň durmuşa geçirýän işleriniň sebitde suwaryş we suw üpjünçiligi meselelerini çözmek üçin 10 ädimi teklip edýän Ýewraziýa Ösüş Bankynyň ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýändigi bellenildi. Şunda Halkara suw we energetika konsorsiumynyň, Suwaryş enjamlarynyň sebit önümçilik klasteriniň döredilmegi, nyrhlara maýa goýum goşantlarynyň kem-kemden goşulmagy, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasy ugurlar hökmünde görkezilýär.

BMG-niň degişli edaralarynyň wekilleri hem Bütindünýä Bankynyň çemeleşmesi bilen ylalaşdylar. Yslam Ösüş bankynyň wekilleri suwy deň paýlamagyň mehanizmleri barada durup geçdiler. Duşuşykda Aziýanyň Ösüş banky degişli ugurlarda bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmenpoçta» «ÇaparPay» programmasynda elektron awans depderçesini ornaşdyrdy

«Türkmenpoçta» «ÇaparPay» programmasynda elektron awans depderçesini ornaşdyrdy

22:15 Iýul 22, 2026
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň raýatlary üçin wizasyz giriş düzgüniniň möhletini 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak baradaky permana gol çekdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň raýatlary üçin wizasyz giriş düzgüniniň möhletini 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak baradaky permana gol çekdi

19:30 Iýul 22, 2026
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Endi Bernem täze hökümet düzümini emele getirip, Jon Hilini Gazna ministri wezipesine belledi

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Endi Bernem täze hökümet düzümini emele getirip, Jon Hilini Gazna ministri wezipesine belledi

18:00 Iýul 22, 2026