HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Turkish Airlines” we “Emirates” awiakompaniýalary “Airbus” we “Boeing” uçarlaryny satyn alar

Noýabr 14, 2023 | 13:54 |9384
Dünýäniň awiasiýa pudagy COVID-19 pandemiýasyndan soň täzeden janlanýar. Munuň şeýledigine Dubaý şäherinde geçirilýän awiasiýa ulaglarynyň halkara  sergisiniň çäklerinde özara baglaşylan iri söwda geleşikleri hem şaýatlyk edýär.Dünýäniň awiasiýa pudagy COVID-19 pandemiýasyndan soň täzeden janlanýar. Munuň şeýledigine Dubaý şäherinde geçirilýän awiasiýa ulaglarynyň halkara  sergisiniň çäklerinde özara baglaşylan iri söwda geleşikleri hem şaýatlyk edýär.
Çeşme: ixbt.com

Dünýäniň awiasiýa pudagy COVID-19 pandemiýasyndan soň täzeden janlanýar. Munuň şeýledigine Dubaý şäherinde geçirilýän awiasiýa ulaglarynyň halkara sergisiniň çäklerinde özara baglaşylan iri söwda geleşikleri hem şaýatlyk edýär.

Türkiýäniň “Turkish Airlines” awiakompaniýasy bilen dünýäniň iň uly uçar öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan “Airbus” kompaniýasynyň arasynda 355 uçary satyn almak barada köp milliard dollarlyk şertnama baglaşyldy.

Şeýlelikde, şertnama lavyklykda, 250 sany A321neo kysymly uçar; 75 sany “A350-900” kysymly uçar; 15 sany A350-1000 görnüşli uçar; 5 sany hem A350F ýük uçary, jemi 345 uçar sargyt edildi. A350-900 kysymly 10 sany uçary eltip bermeklik bolsa ozal ylalaşylypdy.

Umuman alanyňda, “Turkish Airlines” awiakompaniýasy özüniň ösüş strategiýasynyň çäklerinde 600 sany täze uçar satyn almagy meýilleşdirýär.

Dünýädäki iň uly awiakompaniýalaryň ýene biri bolan “Emirates” awiakompaniýasy “Boeing Co.” kompaniýasy bilen uçar satyn almak babatda 52 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Ylalaşyga gol çekmek dabarasy Dubaýyň şazadasy Şeýh Hamdan bin Muhammet Al Maktumyň gatnaşmagynda geçirildi.

Ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Emirlikler 90 sany “Boeing 777” uçaryny satyn alar. Şolaryň 55-si 777-9, 35 sanysy bolsa 777-8 kysymlydyr. Emirlikleriň Baş direktory we ýolbaşçysy Şeýh Ahmed bin Said Al Maktumyň aýtmagyna görä, ozalky sargyt edilen 30 uçaryň üstüne ýene 5 sany “787 Dreamliner” kysymly uçarlar goşular.

"Bu, diňe “Boeing-de” däl, eýsem bütin awiasiýa üpjünçilik zynjyrynda ýüzlerçe müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berýän uzak möhletleýin borçnamadyr" -diýip, Şeýh Ahmed bin Said Al Maktum belledi.

BAE-niň döwlet eýeçiligindäki başga bir “Emirates Group” -yň düzümine girýän “FlyDubai” awiakompaniýasy hem jemi bahasy 11 milliard dollar barabar 30 sany “Boeing 787-9 Dreamliners” uçaryny sargyt etdi. Bu uçarlar awiakompaniýasynyň flotundaky ilkinji uly göwrümli uçar bolar.

Dubaýyň halkara howa sergisinde milliardlarça dollarlyk beýleki şertnamalaryň hem baglaşylmagyna garaşylýar.

Halkara howa ulaglary birleşiginiň mälim etmegine görä, häzirki döwürde halkara howa gatnawlary COVID-19-dan ozalky döwrüň 97 göterimini üpjün edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026