HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Arş giňişligine gazak kosmonawtyny iberip biler

Noýabr 12, 2023 | 22:12 |7998
Russiýa we Gazagystan Arş giňişligine gazak kosmonawtyny ibermek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada "Roskosmos-yň" Baş direktory Ýuriý Borisow mälim edýär.Russiýa we Gazagystan Arş giňişligine gazak kosmonawtyny ibermek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada "Roskosmos-yň" Baş direktory Ýuriý Borisow mälim edýär.
Çeşme: Roskosmos

Russiýa we Gazagystan Arş giňişligine gazak kosmonawtyny ibermek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada "Roskosmos-yň" Baş direktory Ýuriý Borisow mälim edýär.

"Roskosmos" gazagystanly kärdeşleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar we Baýterek taslamasy ýaly birnäçe taslamalarda olar bilen hyzmatdaşlyk edýär" diýip, döwlet korporasiýasynyň Baş direktory Ýuriý Borisow "Izwestiýa" gazetine beren söhbetdeşliginde aýtdy.

Borisow gazagystanly kosmonawty orbita çykarmak meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, munuň üçin ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Ol şeýle hem, Russiýanyň aragatnaşyk hemrasyny döretmek barada Gazagystandan ýüztutma alandygyny mälim etdi.

Mundan başga-da, Borisow “Wostoçnyý” kosmodromyndan adam uçuşlarynyň entek amala aşyrylmandygyny we şeýle uçuşlaryň hemmesiniň Baýkonurdan amala aşyrylandygyny nygtady. “Bütin dünýäniň kosmonawtikasy Baýkonurdan başlandy. Elbetde, muny geljekde hem ösdürmek isleýäris. Onuň özboluşly geografiki ýerleşişi bar" diýip, ol belledi.

Russiýa belarus kosmonawtyny Arş giňişligine ibermek barada hem ozal ylalaşyk baglaşdy. Bu babatda saýlanyp alnan dalaşgärler 2024-nji ýylyň ýazynda meýilleşdirilýän uçuş üçin eýýäm taýýarlyk görýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026