HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Filippinler Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanda işe başlady

Noýabr 10, 2023 | 13:46 |9202
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Filippinler
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Roberto G.Manalodan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Filippinler
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Roberto G.Manalodan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roberto G.Manalodan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Filippinleriň doly ygtyýarly wekili öz gezeginde, ýurduň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk, ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

2.jpg

Duşuşygyň barşynda ilçi ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň üýtgewsiz ugry bolmagynda galýar.

Nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, durmuş syýasatynyň esasy ugurlaryna aýratyn üns çekildi. Onuň çäklerinde ylym-bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda özgertmeler amala aşyrylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026