HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

Oktýabr 07, 2026 | 22:00 |2794
Çeşme: orient.tm

Russiýa duşenbe güni Ýaponiýanyň soňky dostluksyz ädimleri bilen baglylykda «deň ölçegli garşy çäreleri» görjekdigini mälim etdi.

2-nji oktýabrda Tokio Russiýa garşy 27-nji sanksiýa bukjasynyň girizilýändigini yglan etdi. Ol 33 sany rus ýuridiki şahsyna we dokuz sany fiziki şahsa, şeýle hem daşary ýurtlardaky birnäçe kompaniýa degişlidir.

Şeýle hem Günbatar ýurtlarynyň sanksiýalaryny aýlanyp geçip, nebit daşamak üçin ulanylýandygy Russiýanyň «kölege floty» bilen baglanyşykly 35 gämä garşy sanksiýalar girizildi. Ýaponiýanyň tarapynyň beýanatyna görä, bu gämilere abatlaýyş, ätiýaçlandyryş we maliýeleşdiriş ýaly hyzmatlary bermek gadagan edilýär.

Ozal duşenbe güni Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa Ýaponiýanyň täze sanksiýa bukjasyny «kanuny däl» diýip atlandyrdy.

Onuň sözlerine görä, Ýaponiýanyň hökümeti Russiýa bilen gatnaşyklarynyň galan az böleginiň hem mundan beýläk ýaramazlaşmagyna getirýän «oýlanyşyksyz ädimleri» amala aşyrmagyny dowam etdirýär. Zaharowa bu çäreleriň halkara hukugyna we ikitaraplaýyn ylalaşyklara äsgermezçilik edilýändigini görkezýändigini, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýaramazlaşdyrýandygyny we Ukraina krizisini syýasy taýdan çözmäge ýardam etmeýändigini hem aýtdy.

Ol Tokionyň dostluksyz hereketleriniň jogapsyz galmajakdygyny nygtady. Zaharowanyň aýtmagyna görä, Russiýa deň ölçegli garşy çäreleri görer we ilkinji nobatda Ýaponiýa üçin gyzyklanma döredýän ugurlara üns berer.

CCTV+-yň habar bermegine görä, Russiýa Ýaponiýanyň täze sanksiýa bukjasyna deň ölçegli çäreler bilen jogap bermegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde, Ukraina krizisiniň netijesinde Russiýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar ýaramazlaşmagyny dowam etdirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026