HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna täze ilçi belledi

Noýabr 10, 2023 | 22:06 |12911
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky
diplomatik wekilhanasyna täze ýolbaşçy belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
bilen Batyr Niýazlyýew başga işe geçmegi sebäpli, ýurduň Russiýa Federasiýasyndaky, şol
bir wagtda Sloweniýadaky, Serbiýadaky we Bolgariýadaky Adatdan daşary we Doly
ygytýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky
diplomatik wekilhanasyna täze ýolbaşçy belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
bilen Batyr Niýazlyýew başga işe geçmegi sebäpli, ýurduň Russiýa Federasiýasyndaky, şol
bir wagtda Sloweniýadaky, Serbiýadaky we Bolgariýadaky Adatdan daşary we Doly
ygytýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.
Çeşme: “Altyn Asyr” teleýaýlymyndan çarçuwa

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekilhanasyna täze ýolbaşçy belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Batyr Niýazlyýew başga işe geçmegi sebäpli, ýurduň Russiýa Federasiýasyndaky, şol bir wagtda Sloweniýadaky, Serbiýadaky we Bolgariýadaky Adatdan daşary we Doly ygytýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine ozal Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinde işlän Esen Aýdogdyýew bellendi. Degişli Permanlara Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Esen Aýdogdyýewiň diplomatik işde ýeterlik iş tejribesi bar. Ol 2014-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Awstriýadaky we Şweýsariýadaky ilçisi wezipesinde zähmet çekdi. 2014- nji ýyldan bäri, ol Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026