HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmentel-2023” atly forumyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen resminamalara gol çekildi

Noýabr 10, 2023 | 08:51 |6763
«Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Fransiýanyň «Thales Alenia Space France SAS» hem-de «Eutelsat» kompaniýasynyň arasynda gizlinlik we aýan etmezlik barada üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.«Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Fransiýanyň «Thales Alenia Space France SAS» hem-de «Eutelsat» kompaniýasynyň arasynda gizlinlik we aýan etmezlik barada üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Aşgabat şäherinde geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň birinji gününde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe resminamalary baglaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Has takygy, forumyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýörite aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy boýunça Döwlet gullugynyň arasynda maglumat howpsuzlygy ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «ELINC China Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;

Şeýle hem «Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Fransiýanyň «Thales Alenia Space France SAS» hem-de «Eutelsat» kompaniýasynyň arasynda gizlinlik we aýan etmezlik barada üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Forumyň jemleýji gününde hem oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda täsirli häsiýete eýe bolan sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek, degişli güwänamalary gowşurmak göz öňünde tutulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026