HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe” ulag geçelgesi Aziýa-Ýuwaş umman sebitini ÝB bilen birleşdirer

Noýabr 04, 2023 | 13:20 |10375
YHG-na agza ýurtlar Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Halkara multimodal ulag geçelgesini döretmek barada ylalaşdylar.YHG-na agza ýurtlar Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Halkara multimodal ulag geçelgesini döretmek barada ylalaşdylar.
Çeşme: eco.int

YHG-na agza ýurtlar Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Halkara multimodal ulag geçelgesini döretmek barada ylalaşdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ulag ministrleriniň 12-nji mejlisiniň çäginde Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň degişli ministrlikleriniň köptaraplaýyn duşuşygynda “Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe” ugry boýunça Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky Halkara multimodal geçelgesiniň Teswirnamasyna gol çekildi

Gol çekilen Teswirnama laýyklykda, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ýük daşamagy guramak göz öňünde tutulýar.

1-1.jpg

Bu, şeýle hem bäsdeşlik nyrhlarynyň ulanylmagyny we Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demir ýollary bilen haryt daşamak üçin amatly şertleriň döredilmegini, ýükleri daşamakda we marşruta gatnaşýan ýurtlaryň ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmakda kadalaşdyryjy hukuk we tehniki ülňüleri birleşdirmek boýunça çäreleri bilelikde işläp düzmekligi göz öňünde tutýar.

Bu geçelgäniň emele gelmegi we işe girizilmegi Türkmenistanyň global ulag we logistika torlaryna goşulyşmagyny çuňlaşdyrmaga we ýurduň üstaşyr geçiş mümkinçiligini ýokarlandyrmaga kömek eder.

2-1.jpg

YHG-nyň ýurtlarynyň ulag ministrleriniň nobatdaky, 13-nji mejlisi 2024-nji ýylda Tähranda geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026