HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşy şäherinde täze elektrik stansiýasy gurlar

Oktýabr 29, 2023 | 12:30 |9021
Ýakynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň düýbi tutular.Ýakynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň düýbi tutular.
Çeşme: orient.tm

Ýakynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň düýbi tutular. Bu boýunça degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni geçen Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowyň habar bermegine görä, şeýle hem ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary — Ahal asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.

Kuwwatlylygy 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasy ýurdumyzda gaz we bug dolanyşygynda işlejek iri energiýa desgasydyr. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, şeýle döwrebap elektrik stansiýasynyň gurulmagy diňe bir özümizi ygtybarly elektrik energiýasy bilen üpjün etmän, eýsem, bu babatda alyp barýan diwersifikasiýa özgertmelerimiz bilen goňşy ýurtlara, sebite, gerek bolsa, beýleki ýurtlara hem ibermäge taýýarlygy ýene-de bir gezek görkezýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026