HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymlary bankomatlary oňaýly ýerleşdirmek boýunça seljerme geçirdiler

Oktýabr 25, 2023 | 12:57 |5416
Ylmy seljermede bellenişine görä, ilatly ýerlerde bankomatlar amatly ýagdaýda ýerleşdirilende ol banka köp girdejileri getirip bilýär. Ylmy işde Türkmenistanyň merkezi bankynyň açyk maglumat çeşmeleri peýdalanylypdyr. Bankomatlar şeýle ýerleşdirilende onuň geçirijilik mümkinçiligi we girdejileri artýar.Ylmy seljermede bellenişine görä, ilatly ýerlerde bankomatlar amatly ýagdaýda ýerleşdirilende ol banka köp girdejileri getirip bilýär. Ylmy işde Türkmenistanyň merkezi bankynyň açyk maglumat çeşmeleri peýdalanylypdyr. Bankomatlar şeýle ýerleşdirilende onuň geçirijilik mümkinçiligi we girdejileri artýar.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnoogiýalar uniwersitetiniň alymlary Süleýman Nökerow we Gowşut Akmyradow häzirki zaman maliýe hasaplamalaryny ulanmak arkaly ilatly ýerlerde bankomatlary oňaýly ýerleşdirmek arkaly bank girdejilerini artdyrmaga ýardam edýän usuly ylmy esasda öwrendiler. Ýaş alymlaryň ylmy işi Rumyniýanyň Oradýa uniwersitetiniň “Oradea Journal of Business and Economics” neşirinde çap edildi.

Ylmy seljermede bellenişine görä, ilatly ýerlerde bankomatlar amatly ýagdaýda ýerleşdirilende ol banka köp girdejileri getirip bilýär. Ylmy işde Türkmenistanyň merkezi bankynyň açyk maglumat çeşmeleri peýdalanylypdyr. Bankomatlar şeýle ýerleşdirilende onuň geçirijilik mümkinçiligi we girdejileri artýar.

Oňaýly ýerlerde oturdylanda bankomatlaryň girdeji getirişi 2,96 esse ýokarlanýar. Amatly däl ýerde ornaşdyrylanda bolsa, bankomatlaryň getirýän çykdajylarynyň umumy girdejiniň 66.26 göterimini düzýändigi ýüze çykaryldy. Bu sanlar bankomatlaryň ilat üçin oňaýly ýerde ýerleşdirilmeginiň uly ähmiýet eýedigini subut edýär.

Seljerme iki tapgyrda geçirilip, ol täze gözlegler üçin ýol açýar. Birinji tapgyrda has oňaýly ýerler ýüze çykarylan bolsa, ikinji tapgyrda bankomatlaryň ýygy hyzmat etmegi netijesinde döreýän bökdençlikler barada seljermeler geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026