HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde köp ýyllyk meýilnama düzýär

Oktýabr 24, 2023 | 00:39 |7008
Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça milli hukuk goraýjy edaralarynyň forumy (AÝF) BMGÖM we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Merkezi Aziýadaky sebitleýin bölümi OHCHR bilen hyzmatdaşlykda köp ýyllyk strategiki meýilnamalaşdyrmak boýunça maslahatlary geçirdi.Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça milli hukuk goraýjy edaralarynyň forumy (AÝF) BMGÖM we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Merkezi Aziýadaky sebitleýin bölümi OHCHR bilen hyzmatdaşlykda köp ýyllyk strategiki meýilnamalaşdyrmak boýunça maslahatlary geçirdi.
Çeşme: BMGÖM-nyň metbugat-gullugy

Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça milli hukuk goraýjy edaralarynyň forumy (AÝF) BMGÖM we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Merkezi Aziýadaky sebitleýin bölümi OHCHR bilen hyzmatdaşlykda köp ýyllyk strategiki meýilnamalaşdyrmak boýunça maslahatlary geçirdi.

Köp ýyllyk strategiki meýilnamalaşdyrmagyň maksady, Adalatçynyň diwanynyň geljek bäş ýyl üçin (2024-2028) strategiki ileri tutulýan ugurlaryny, maksatlaryny, işlerini we iş meýilnamasyny kesgitlemekdir.

Adalatçynyň diwany ähli ugurlarda adam hukuklarynyň ähliumumy düşünilmegini we ulanylmagyny, daşarky hyzmatdaşlygy berkitmegi we utgaşdyrmagy, Adalatçynyň diwanynyň Pariž ýörelgelerine laýyklykda Türkmenistanyň garaşsyz Milli adam hukuklary guramasy hökmünde öz mandatyny netijeli ýerine ýetirmek üçin mümkinçiliklerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

processed-54e4384a-1de7-41c2-b4ee-536ec1068e2e_HbvgHrQG.jpeg

Strategiki meýilnamalaşdyryş işiniň çäginde AÝF hünärmenleri Jill Krisp we Ahmet Şahid Aşgabat şäherine gelip, Adalatçynyň diwany, raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri we Türkmenistandaky BMG-niň ýurt boýunça wekilleri bilen maslahatlaşdylar. Maslahatyň dowamynda strategiki ileri tutulýan ugurlar, netijeler, işler we görkezijiler işlenip düzüldi. Köp ýyllyk strategiki meýilnamanyň başlangyç taslamasy Adalatçynyň diwanyna hödürlendi. Gutarnykly taslama 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyryna çenli tassyklanar.

Köp ýyllyk strategiki meýilnamany işläp düzmek, Global üç taraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde AÝF, UNDP we OHCHR tarapyndan bilelikde geçirilen Adalatçynyň diwanyna 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda mümkinçilikleri bahalandyrmak boýunça berlen esasy teklipleriň biri boldy.

AÝF, UNDP we OHCHR mümkinçiliklerini bahalandyrmak baradaky teklipleri ýerine ýetirmekde Adalatçynyň diwanyna goldaw bermäge çalyşýar we halkara adam hukuklary ulgamy bilen gatnaşygyny höweslendirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026