HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝB-Merkezi Aziýa ilkinji sammit geljek ýyl geçiriler - Borrell

Oktýabr 23, 2023 | 22:18 |5523
ÝB-niň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozef Borrell Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa formatynda birnäçe möhüm çäräni yglan etdi.ÝB-niň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozef Borrell Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa formatynda birnäçe möhüm çäräni yglan etdi.
Çeşme: eeas.europa.eu

ÝB-niň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozef Borrell Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa formatynda birnäçe möhüm çäräni yglan etdi.

Olaryň arasynda geljek ýyl ÝB-Merkezi Aziýanyň ýokary derejeli ilkinji syýasy sammiti, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek ÝB Maýa goýumlar forumy we Durnukly ulag maýa goýumçylary forumy bar.

Bu barada ol duşenbe güni, 23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ministrler duşuşygy başlamazdan öň žurnalistlere aýtdy.

Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Bu çäre ilkinji gezek 5+27 formatda geçirilýär.

«Duşuşyk umumy sebitdäki kynçylyklar we perspektiwalar barada pikir alyşmaga we ÝB we Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlar üçin gyzyklanma döredýän ugurlardaky hyzmatdaşlygymyzy nädip ösdürmelidigimizi ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär», - diýip Borrel aýtdy. Esasy mowzuklaryň arasynda, durnukly ulag, ýaşyl energetika, söwda, maýa goýumlary we durnuklylyk, sanlylaşdyrma we howanyň üýtgemegine garşy göreşde belli taslamalary durmuşa geçirmek üçin Global Gateway başlangyjy ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026