HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Iňlis dilinde dogry ýazmak boýunça Aşgabatda “Spelling Bee” atly bäsleşik geçirildi

Oktýabr 23, 2023 | 12:32 |9485
Şu gezekki bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden 2 talyp, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň hersinden hem 1 talyp ýeňiji boldy.Şu gezekki bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden 2 talyp, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň hersinden hem 1 talyp ýeňiji boldy.
Çeşme: ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy

“Central Asian Spelling Bee” maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabatdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iňlis dilinde dogry ýazmak boýunça milli bäsleşik geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinden 70 töweregi talyp gatnaşdy.

1.jpg

Bu bäsleşik ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýurduň Bilim, daşary işler we medeniýet ministrlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmeginde guraldy. Bu bäsleşik eýýäm 2-nji gezek geçirilýär. Ilkinji gezek ol 2022-nji ýylda geçirilipdi.

Şu gezekki bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden 2 talyp, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň hersinden hem 1 talyp ýeňiji boldy. Ýeňiji bolanlar şu ýyl Duşenbe şäherinde geçiriljek “Central Asian Spelling Bee” atly sebit bäsleşigine gatnaşarlar.

2.jpg

Geçen ýyl Daşkentde geçen sebit bäsleşiginde türkmenistanly 2 talyp sebit bäsleşiginde 1-nji we 2-nji orunlara mynasyp bolupdylar.

3.jpg

Milli derejede geçirilen bäsleşige gatnaşan ABŞ-nyň Türkmenistanyň ilçisiniň bellemegine görä, üýtgeşikligi bilen tapawutlanýan bu bäsleşige dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe talyp ýaşlar gatnaşýarlar. Bu bäsleşik iňlis dili boýunça sowatlylyk derejesini anyklamak üçin-de amatly mümkinçilikdir.

4.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026