Er-Riýadda türkmen-saud daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri geçirildi


Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary Berdinyýaz Mätiýew we Walid bin Abdulkarim Al-Huraýjy ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň 4-nji syýasy geňeşmelerini geçirdiler. Bu barada “Riyadh Daily” neşiri mälim edýär.
Saud Arabystanynyň daşary işler ministrliginde geçen mejlisde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki ýagdaýyna we geljegine garadylar. Şeýle hem, iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmekdäki tagallalary nygtadylar.
Geňeşmelere şeýle hem iki ýurduň ilçileri, Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrliginiň Aziýa boýunça baş müdiriýetiniň ýolbaşçysy Muhammada Al-Matrafi gatnaşdylar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady gatnaşyklar bankynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud ösüş bankynyň Baş direktory Sultan bin Abdul Rahman Al-Murşid bilen Er-Riýad şäherinde duşuşdy.
ORIENT news








