HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda awtobuslar meşhur toý ulagy boldy

Oktýabr 22, 2023 | 22:51 |9497
Bilermenleriň bellemegine görä, Hytaýyň ýaşlary indi gurplulygy görkezýän gymmat bahaly toýlara däl-de, ýönekeýlige ymtylýarlar.Bilermenleriň bellemegine görä, Hytaýyň ýaşlary indi gurplulygy görkezýän gymmat bahaly toýlara däl-de, ýönekeýlige ymtylýarlar.
Çeşme: The China Project

Hytaýda awtobuslar meşhur toý ulagyna öwrülýär. Bu ýurduň ýaş çatynjalary bagt gününde gymmat bahaly awtoulaglara derek, hytaý däplerine görä we şarlar bilen bezelen awtobuslary kireýine almagy kem görenoklar. Bu täze ýörelge diňe bir pul tygşytlaman, toý gününe aýratyn şatlyk hem bagyşlaýar.

Soňky döwürde ýaş çatynjalaryň toý gününde awtobusda gezelenç etmeklerini görkezýän suratlaryň sosial ulgamlarda giňden ýaýramagy ýaşlaryň arasynda toý etmegiň täze ýörelgesini döretdi. Hytaý däbine görä, öýlenýän oglan gelnini alyp gaýtmak üçin onuň atasy öýüne birnäçe awtoulag ugratmaly bolýar we olaryň sany näçe köp bolsa, şonça gowy hasaplanýar. Häzir durmuş toýuny edýän ýaş çatynjalaryň köpüsi bu däpden saplanyp, has bähbitli we ekologiýa taýdan arassa täze ýörlegäni saýlanlaryny kem görenoklar.

Hytaýyň käbir şäherlerinde toý üçin awtobuslary kireýine almak üçin ýörite hyzmatlar hem hödürlenýär. Mysal üçin, Şandun sebitindäki Ýantaý şäherinde ýörite bezelen 30 adamlyk awtobusy 3 müň ýuana (410 dollar) kireýine alyp bolýar. Goşmaça töleg etseň, hatda 2 gatly awtobusy hem kireýine almak mümkin.

Bilermenleriň bellemegine görä, Hytaýyň ýaşlary indi gurplulygy görkezýän gymmat bahaly toýlara däl-de, ýönekeýlige ymtylýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026