HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmenistan bilen Eýranyň syýahatçylyk festiwaly geçiriler

Oktýabr 22, 2023 | 15:29 |5565
Eýranyň wekiliýeti festiwalda syýahatçylyk, lukmançylyk we medeniмуе önümleriтш görkezmek üçin Türkmenistana gider diýip, Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet boýunça wekili Nawid Rasuli şenbe güni Mehr bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.Eýranyň wekiliýeti festiwalda syýahatçylyk, lukmançylyk we medeniмуе önümleriтш görkezmek üçin Türkmenistana gider diýip, Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet boýunça wekili Nawid Rasuli şenbe güni Mehr bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Çeşme: Ahmet Halýew

Eýranyň wekiliýeti festiwalda syýahatçylyk, lukmançylyk we medeniмуе önümleriтш görkezmek üçin Türkmenistana gider diýip, Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet boýunça wekili Nawid Rasuli şenbe güni Mehr bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ol, çäräniň iki ýurduň prezidentleriniň geçen ýylky duşuşygyndan soň meýilleşdirilendigini belledi. Yslam Medeniýet we gatnaşyklar guramasy (ICRO), Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Eýranyň Medeniýet mirasy, syýahatçylyk we senetçilik ministrligi tarapyndan gurnalan festiwal 31-nji oktýabrdan 2-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherindäki Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.

Festiwal, umumy aýratynlyklaryna esaslanyp, Eýranyň we Türkmenistanyň gözel ýerlerini görkezmek üçin iki ýurdyň syýahatçylyk kompaniýalaryny birleşdirer diýip, Rasuli nygtady.

Syýahatçylykdan başga-da festiwalda, saglyk we eýran senetleri bölümlerini hem öz içine alar we çäräniň dowamynda ýerli eýran saz toparlary çykyş ederler.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda festiwala gatnaşmak üçin Eýranyň 11 syýahatçylyk kompaniýasy hasaba alyndy. «Türkmenistanda köp sanly Eýranyň syýahatçylyk kompaniýalary iş alyp barýar we munuň özi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, iki serhediň arasyndaky gündelik alyş-çalyşy müňe golaý adamy öz içine alýar»,-diýip ol aýtdy.

«Iki ýurdyň syýahatçylyk kompaniýalary bu medeni çäräniň dowamynda B2B duşuşyklaryny geçirer we häzir taýýarlyk tapgyrynda bolup, gol çekmäge garaşylýan ylalaşyklar baglaşylar».

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026
Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

23:55 Iýul 24, 2026
Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

23:46 Iýul 24, 2026