HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşynda türkmen tennisçileri bäş medal gazandy

Oktýabr 20, 2023 | 21:34 |6953
Ýaş türkmen türgenleri 13-20-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen “ATF14 & Under” halkara tennis turnirinde bäş medal - üç altyn, iki kümüş gazandy.Ýaş türkmen türgenleri 13-20-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen “ATF14 & Under” halkara tennis turnirinde bäş medal - üç altyn, iki kümüş gazandy.
Çeşme: Türkmenistanyň Tennis federassiýasy tarapyndan berlen

Ýaş türkmen türgenleri 13-20-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen “ATF14 & Under” halkara tennis turnirinde bäş medal - üç altyn, iki kümüş gazandy.

Imran Ahundow ýekelikde iň ýokary baýragy aldy. Ýene bir tennisçi Selim Çagylow kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle-de bolsa, türkmen jübütleri münberiň birinji basgançagynda durmak üçin bäsdeşlerine hiç hili mümkinçilik galdyrmady.

Ilima Guseýnowa ýaryşyň zenanlar bölüminde üstünlikli çykyş edip, türkmen toparyna ýene bir altyn medal getirdi. Guseýnowa özbegistanly türgen Samira Kamalowa bilen jübütlenen kümüş medal gazandy.

Türkmen sportçylary, Andreý Döwmatowyň we Ýewgeniý Molçanowyň ýolbaşçylygynda Aziýa tennis federasiýasy tarapyndan gurnalan halkara ýaryşda çykyş etdiler. Bäsleşige Merkezi Aziýa ýurtlaryndan altmyşdan gowrak türgen gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026