HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Stambulda geçirilen Bütindünýä türk lukmançylyk kongresine gatnaşýar

Oktýabr 20, 2023 | 18:24 |2933
Stambulda, 20-nji oktýabrda Bütindünýä türk lukmançylyk kongresi açyldy we oňa 21 ýurduň saglyk wekilleri gatnaşdylar. Lukmançylyk kongresi dokuzynjy gezek Türkiýede geçirilýär we dünýäde uly gyzyklanma döredýär diýip, «Anadolu» agentligi habar berýär.Stambulda, 20-nji oktýabrda Bütindünýä türk lukmançylyk kongresi açyldy we oňa 21 ýurduň saglyk wekilleri gatnaşdylar. Lukmançylyk kongresi dokuzynjy gezek Türkiýede geçirilýär we dünýäde uly gyzyklanma döredýär diýip, «Anadolu» agentligi habar berýär.
Çeşme: "Anadolu" gullugy

Stambulda, 20-nji oktýabrda Bütindünýä türk lukmançylyk kongresi açyldy we oňa 21 ýurduň saglyk wekilleri gatnaşdylar. Lukmançylyk kongresi dokuzynjy gezek Türkiýede geçirilýär we dünýäde uly gyzyklanma döredýär diýip, «Anadolu» agentligi habar berýär.

Şu ýyl kongressiň mowzugy «Saglygy goraýyşda emeli intellekt» hökmünde bellenilip, oňa Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Albaniýanyň, Gambiýanyň, Yragyň, Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasynyň (DKTR), Kosowanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Kuweýtiň, Kubanyň, Liwiýanyň, Müsüriň, Namibiýanyň, Sierra Leoneniň, Somaliniň, Çadyň, Wenesuelanyň we Ýemeniň ministrleri we ýokary derejeli işgärleri, şeýle hem «Teknokent»-iň düzümine girýän uniwersitetleriň alymlary we rektorlary gatnaşýar.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan forumyň wekillerine wideo ýüzlenmesinde «Bütindünýä türk lukmançylyk kongresi, türki dünýäsiniň ýurtlarynyň saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmakda diýseň möhüm orun tutdy»,-diýip aýtdy. Şeýle hem, ol lukmançylyk pudagynda emeli intellekt tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň wajyodygyny nygtady.

Çäre, 22-nji oktýabra çenli dowam eder. Onuň netijelerine görä, saglygy goraýyş pudagynda bilelikdäki taslamalaryň döredilmegine garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanda Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy bilen bilelikde optiki-süýümli kabelleriň önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistanda Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy bilen bilelikde optiki-süýümli kabelleriň önümçiligi ýola goýlar

20:52 Sentýabr 21, 2026