HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda žurnalistler üçin metbugat sowatlylygy okuwy geçirildi

Oktýabr 20, 2023 | 16:01 |3368
Türkmenistanda 19-njy oktýabrdan 20-nji oktýabr aralygynda Aşgabatdaky ÝHHG merkezi tarapyndan guralan metbugat sowatlylygy boýunça okuw geçirildi.Türkmenistanda 19-njy oktýabrdan 20-nji oktýabr aralygynda Aşgabatdaky ÝHHG merkezi tarapyndan guralan metbugat sowatlylygy boýunça okuw geçirildi.
Çeşme: awtor

Türkmenistanda 19-njy oktýabrdan 20-nji oktýabr aralygynda Aşgabatdaky ÝHHG merkezi tarapyndan guralan metbugat sowatlylygy boýunça okuw geçirildi.

Okuwyň maksady metbugat sowatlylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem metbugat pudagynda seljeriş ukyplaryny ösdürmekdi.

Aşgabatdaky ÝHHG merkeziniň başlygy Jon MakGregor bu çäräni açyp, türkmen auditoriýasynyň arasynda bilimleri giňeltmek üçin şeýle okuwlaryň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Okuw metbugat sowatlylygy boýunça iki tejribeli hünärmen: Moldowaly Nadežda Gogu we Ermenistandan wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly okuwa gatnaşan Gegam Wardanýan tarapyndan geçirildi.

Çykyş edenleriň her biri häzirki zaman media gurşawy, metbugat mazmunynyň görnüşleri, täzelikleri saýlamak, obýektiwlik we ýalan maglumata garşy göreş bilen baglanyşykly käbir mowzuklara ünsi jemledi.

763421984.jpg

Okuwda, gatnaşyjylar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sowatlylygynyň esasy düşünjelerini we görnüşlerini öwrendiler, galp habarlary we ýalňyş maglumatlary tanamagyň we olara garşy göreşmegiň usullaryny öwrendiler, şeýle hem öz media önümlerini döretmek usullary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem, okuw interaktiw maşklary, oýunlary, çekişmeleri we keýsleri öz içine aldy.

Guramaçylaryň we hünärmenleriň pikiriçe, metbugat sowatlylygy okuwy Türkmenistanda žurnalistika işiniň kämilleşdirilmegine, şeýle hem köpçüligiň arasynda metbugata jogapkärçilikli we habarly garaýşy ösdürmäge gönükdirilendir.

Okuw tamamlanandan soň, gatnaşyjylaryň hemmesine guramaçylardan diplomlar gowşuryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026