HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Central Asia Gateway iň oňat söwda maglumat portaly hökmünde BMG-nyň baýragyny aldy

Oktýabr 19, 2023 | 23:03 |10123
19-njy oktýabrynda 8-nji Bütindünýä maýa goýum forumynda yglan edilen, BMG-nyň Sanly hökümet baýragy 2023, Durnukly ösüş maksatlaryny goldamak üçin sanly hökümet hyzmatlaryny çaltlaşdyrmakdaky öňegidişlige ýokary baha berdi.19-njy oktýabrynda 8-nji Bütindünýä maýa goýum forumynda yglan edilen, BMG-nyň Sanly hökümet baýragy 2023, Durnukly ösüş maksatlaryny goldamak üçin sanly hökümet hyzmatlaryny çaltlaşdyrmakdaky öňegidişlige ýokary baha berdi.
Çeşme: ITC

19-njy oktýabrynda 8-nji Bütindünýä maýa goýum forumynda yglan edilen, BMG-nyň Sanly hökümet baýragy 2023, Durnukly ösüş maksatlaryny goldamak üçin sanly hökümet hyzmatlaryny çaltlaşdyrmakdaky öňegidişlige ýokary baha berdi.

«Iň oňat söwda maglumat portaly» kategoriýasynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikdäki başlangyjy bolan Central Asia Gateway («Merkezi Aziýanyň derwezesi») maksatnamasy ýeňiji boldy.

Portal, sebitde satylýan, Merkezi Aziýadan getirilýän we eksport edilýän harytlaryň köpüsi üçin ygtyýarnamalar, deslapky gümrük arassalaýşyna rugsatnamalar we köp sanly harytlaryň gümrük arassalanyşy boýunça resmilikler üçin ädimme-ädim gollanmalara göni girişi üpjün edýär.

WhatsApp_Image_2023-10-20_at_14.25.17-e1697793894986.jpeg

Bu ädimler telekeçilere öz işlerini açmagy we resmileşdirmegi, şeýle hem ösýän ýurtlarda howanyň üýtgemegi we derman önümçiligi ýaly DÖM bilen baglanyşykly pudaklara maýa goýmak üçin zerur ygtyýarnamalary çalt almagy aňsatlaşdyrdy diýip, UNCTAD (BMG-nyň söwda we ösüş boýunça maslahaty) saýty habar berýär.

UNCTAD bilen 200 ýurdy öz içine alýan telekeçiligiň global ulgamynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesi bolan baýraklar dört aýratyn kategoriýa bölündi. Olaryň her biri döwlet sektorynda sanly üýtgeşmäniň möhüm tarapyny görkezýär.

«Iň oňat söwda maglumat portaly» kategoriýasyndan başga-da goşmaça, «Işe başlamak ýa-da alyp barmak üçin iň oňat ýele-täk sanly penjire», «Işe başlamak ýa-da alyp barmak üçin iň oňat sanly maglumat portaly» we «DÖM-a maýa goýumlaryna ýardam etmek üçin geljekki sanly gurallar» hem bar.

Sylaglama dabarasynda hökümetleri we guramalary birleşdirýän we UNCTAD-a jemgyýetçilik hyzmatynyň innowasiýalarynda nou-hau we tehnologiýa alyş-çalşyny ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýän BMG-nyň Sanly hökümet jemgyýetiniň açylyşy boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026