HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Si Szinpin bilen gepleşik geçirdi

Oktýabr 19, 2023 | 14:01 |8400
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde, halk mejlisi Öýünde Hytaý Halk Respublikasynyň prezidenti Si Szinpin bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde, halk mejlisi Öýünde Hytaý Halk Respublikasynyň prezidenti Si Szinpin bilen duşuşdy.
Çeşme: Xinhua

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde, halk mejlisi Öýünde Hytaý Halk Respublikasynyň prezidenti Si Szinpin bilen duşuşdy.

Penşenbe güni, 19-njy oktýabrda duşuşyk başlamazdan ozal, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde türkmen halkynyň Milli Lideri we HHR-iň baştutany surata düşdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda depginli ösüşini görkezýän we uzak möhletleýin gurlan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Si Szinpin, iki ýurduň esasy bähbitlerine we iki halkyň umumy isleglerine hyzmat edýän Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy.

Hytaý, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly we uzak möhletli ösüşine ýardam etmek we iki halka has köp peýda getirmek üçin işlemegini dowam etdirer diýip, Sinhua habar agentligi habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostlugyň uzak geçmişe daýanýandygyny we iki müň ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini, iki ýurdyň we olaryň halkynyň Beýik Ýüpek ýoly bilen ýakyndan baglanyşyklydy belläp geçdi.

Merkezi Aziýanyň çäginden Hytaýdan Ýewropa geçen Beýik Ýüpek ýoly, bütin dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde möhüm faktor boldy.

«Sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek barada aýdanymda, Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen birleşdirmegiň tagallalarynyň möhümdigini belleýärin. Bu başlangyç köp ýyllaryň dowamynda Ýewraziýa sebitinde söwda we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşdy»,-diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi TDH habar berýär.

Türkmenistan Hytaý bilen doganlyk we dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow beýan etdi we soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda gazanylan özara ynamyň, özara düşünişmegiň we aç-açanlygyň ýokary derejesini nygtady.

Hyzmatdaşlygyň bu häsiýeti, halkara durnuklylygyny we howpsuzlygyny gorap saklamaga we berkitmäge ep-esli konstruktiw goşant goşýar, birnäçe möhüm sebit meseleleriniň çözülmegine ýardam edýär we Aziýa yklymynda söwda we ykdysady işi çaltlaşdyrmakda we giňeltmekde möhüm faktor bolup çykyş edýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

«Türkmenistan Hytaý bilen doganlyk we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär, şeýle hem syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyr», - diýip türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Olar: Türkmenistan hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyk hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gümrük Dolandyryşynyň arasynda Ygtyýarly ykdysady operatorlar Maksatnamasynyň mümkinçiliklerini berkitmek pudagynda hyzmatdaşlyk boçunça özara düşinşmek Ähtnamasy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026