HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bathyz goraghanasynda gaplaňlaryň seýrek görnüşi kamera düşürildi

Oktýabr 17, 2023 | 21:38 |18206
Häzirki wagtda pars gaplaňlaryna ýitip gitmek howpy abanyp, olaryň goralmagyna aýratyn jogapkärli seredilýär. Gaplaňlaryň bu görnüşi esasan, Eýranda duş gelip, Türkmenistanyň, Kawkazyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Russiýanyň günortasynda seýrek ýagdaýda duş gelýär.Häzirki wagtda pars gaplaňlaryna ýitip gitmek howpy abanyp, olaryň goralmagyna aýratyn jogapkärli seredilýär. Gaplaňlaryň bu görnüşi esasan, Eýranda duş gelip, Türkmenistanyň, Kawkazyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Russiýanyň günortasynda seýrek ýagdaýda duş gelýär.
Çeşme: @NarynTR

"NarynTR" ady bilen Türkmenistanda giňden tanalýan ekobloger Bathyz goraghanasynda Gyzyl kitaba giren pars gaplaňynyň maşgalasyny kamera düşürmegi başardy. Ýerli tebigaty surata düşürmek üçin oturdylan kamerada düşürilen gaýtalanmajak kadrlar "X" sosial ulgamynda halk köpçüligi bilen paýlaşyldy.

"Bu gaplaňyň ady Umyda. Ol iň soňky gezek 2021-nji ýylda köpelipdi. Bu gezek ol özüniň 3 çagadan ybarat maşgalasyny 4 günläp kameranyň öňünde goýup gitdi. Gaplaň enesiniň we çagalarynyň arasyndaky ýakymly pursatlar 190 sany wideoşekilde bölünip alyndy" diýip, wideoşekiliň awtory belleýär.

Bu wideoşekiller uly meşhurlyga eýe boldy. Hatda ony Hindistanyň Parwin Kaswan adyndaky Tokaý gullugy soňra NDTV teleýaýlymy hem görkezdi. Türkmenistanda düşürilen bu wideoşekil dünýä jemgyýetçiliginde, hususan-da ekologlaryň arasynda uly seslenme döretdi.

652e0900ee62d284112853.jpg

Häzirki wagtda pars gaplaňlaryna ýitip gitmek howpy abanyp, olaryň goralmagyna aýratyn jogapkärli seredilýär. Gaplaňlaryň bu görnüşi esasan, Eýranda duş gelip, Türkmenistanyň, Kawkazyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Russiýanyň günortasynda seýrek ýagdaýda duş gelýär.

2005-nji ýylda hasaba alnyşyna görä, bu görnüşli gaplaňlaryň dünýäde 1 müň 300 töweregi galypdyr. Şolaryň 70 göterimi Eýranyň Eýranda, 30 göterimi hem Türkmenistanda we oňa golaý sebitlerde ýaşaýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026