HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astana we Aşgabat telekommunikasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Oktýabr 16, 2023 | 21:59 |7851
Astanada, Merkezi Aziýada ýylyň esasy IT çäresi bolan Digital Bridge-2023 halkara tehnologiýa forumy geçirildi. Oňa 30 ýurtdan we 300 kompaniýadan 20 000-den gowrak wekil, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaygulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.Astanada, Merkezi Aziýada ýylyň esasy IT çäresi bolan Digital Bridge-2023 halkara tehnologiýa forumy geçirildi. Oňa 30 ýurtdan we 300 kompaniýadan 20 000-den gowrak wekil, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaygulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Çeşme: "Türkmenaragatnaşyk" gullugy tarapyndan berildi

Astanada, Merkezi Aziýada ýylyň esasy IT çäresi bolan Digital Bridge-2023 halkara tehnologiýa forumy geçirildi. Oňa 30 ýurtdan we 300 kompaniýadan 20 000-den gowrak wekil, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaygulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Forumyň umumy mejlisine TikTok-yň baş direktory Şou Çu, «Sanly çarwalar» jemgyýetini esaslandyryjy Aset Abdualiýew, ICPC gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory William Pauçer we StarX-yň wise-prezidenti Loren Dreýer gatnaşdy.

1.jpeg

Forumyň dowamynda birnäçe tegelek stol we duşuşyklar geçirilip, onda öňdebaryjy tehnologiýalara aýratyn üns berildi. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi üçin ähli pudaklarda IT hünärmenleriniň täze pikirlerini üstünlikli durmuşa geçirmek, geljegi uly innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu duşuşyklaryň çäginde «Türkmentelekom»-yň başlygy Hojanyýaz Awganow bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýa we howa giňişligi ministri Bagdat Musiniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýguliýew bilen «Gazagystekom» paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy Nuržan Baydauletowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

asdjhgasjkdhg.jpg

Duşuşykda, hususan-da, sanly ulgamy gowulandyrmak, sebit aragatnaşygyny ösdürmek we üstaşyr operatorlaryny halkara aragatnaşyk ulgamyna birikdirmek mümkinçiligi barada jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirildi.

Ozal, 3-4-nji oktýabr aralygynda Daşkende geçirilen ilkinji kiberhowpsuzlyk sammitiniň - Merkezi Ýewraziýa, CSS 2023çäginde Türkmenistanyň Milli aragatnaşyk agentliginiň we Özbegistanyň kiberhowpsuzlyk merkeziniň, kiberhowpsuzlyk meselesinde özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekendiklerini habar beripdik.

Ähtnama maglumat we tejribe alyşmak, bilelikdäki gözleg we ösüş, hünärmenleri taýýarlamak we kiberhowpsuzlyk howplaryna garşy göreş babatynda hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

3.jpeg

CSS 2023-iň çäginde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Özbegistan Respublikasynyň Sanly tehnologiýalar ministri Şerzod Şermatow bilen duşuşdy, Özbegistanyň täze IT seýilgähine baryp gördi hem-de «Özbektelekom» we kiberhowpsuzlyk ugurda iri halkara kompaniýalary bilen duşuşyklar geçirdi diýip, çäräniň saýty belleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

01:50 Sentýabr 02, 2026
Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

01:10 Sentýabr 02, 2026
Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

21:07 Sentýabr 01, 2026