HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bakuwda türkmen sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy bellendi

Oktýabr 16, 2023 | 19:49 |8607
Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) şu ýyl 30 ýyllygyny belleýär.
Almatyda, Bişkekde, Daşkentde, Aşgabatda we Bakuwda guramanyň ýubileýine bagyşlanan baýramçylyk agşamy geçirildi.Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) şu ýyl 30 ýyllygyny belleýär.
Almatyda, Bişkekde, Daşkentde, Aşgabatda we Bakuwda guramanyň ýubileýine bagyşlanan baýramçylyk agşamy geçirildi.
Çeşme: azernews.az

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) şu ýyl 30 ýyllygyny belleýär. Almatyda, Bişkekde, Daşkentde, Aşgabatda we Bakuwda guramanyň ýubileýine bagyşlanan baýramçylyk agşamy geçirildi.

Azernews habarlar gullugynyň habaryna görä, Geýdar merkezinde TÜRKSOY-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan gala konserti geçirildi, bu çärede Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň gutlagy okaldy we TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raýew çykyş etdi.

“Bu ýyl, TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy mynasybetli, umumy ruhy dünýämiz bolan türki dünýäsiniň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny görkezýän birnäçe çäreler geçirilýär. Otuz ýyl bäri hemişe bilelikde, bu şöhratly ýoldan gitjekdigimizi bütin dünýä görkezdik. XXI asyr türki dünýäsiniň asyry "- diýip, Raýew belledi.

Çäre Azerbaýjanyň we Türkiýeden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan gelen aýdymçylaryň, aýdym-saz toparlarynyň we tans ansambllarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

Çärä gatnaşyjylar, Geýdar Aliýew merkezinde TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy mynasybetli guralan sergi bilen tanyşdylar.

Türk dünýäsiniň ÝUNESKO-sy diýlip atlandyrylýan Türki medeniýetiň halkara guramasy, 1993-nji ýylda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet ministrleri tarapyndan taýýarlanan ylalaşyga gol çekilenden soň döredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026