HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-de nobatdaky duşuşygyny geçirdi

Oktýabr 16, 2023 | 14:12 |6595
Eýýäm 16-njy noýabrda Türkmenistan 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň ikinji aýlawyna başlap, öz ýerinde Özbegistanyň ýygyndysyny kabul eder.Eýýäm 16-njy noýabrda Türkmenistan 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň ikinji aýlawyna başlap, öz ýerinde Özbegistanyň ýygyndysyny kabul eder.
Çeşme: Türkmenistanyň Fubol federasiýasy

8-nji oktýabrdan bäri Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolýan futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu ýerde nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

BAE-niň häzirki çempiony “Şabab Al-Ahli” toparynyň garşysyna geçirilen duşuşyk 4:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Türkmen toparyndaky ýeke-täk pökgini 11 metrlik urguda Myrat Annaýew tora saldy.

Ozal birinji diwizionda oýnaýan “Dubaý Ýunaýted” topary bilen geçirilen duşuşyk hem 3:1 hasabynda tamamlanypdy. Mergen Orazowyň tälim berýän milli topary 18-nji oktýabrda Emirlikleriň “Ajman” topary bilen jemleýji duşuşygyny geçirer we Türkmenistana dolanar.

“Dünýä çempionaty – 2026” oýunlarynyň saýlama tapgyrynda “E” toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň garşydaşlary Eýranyň, Özbegistanyň toparlary we Gonkong – Butan duşuşygynyň ýeňijisi bolar.

Eýýäm 16-njy noýabrda Türkmenistan 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň ikinji aýlawyna başlap, öz ýerinde Özbegistanyň ýygyndysyny kabul eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026
Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

17:49 Awgust 04, 2026
Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

17:41 Awgust 04, 2026