HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ozon gatlagyny goramak üçin sowadyjylaryň energiýa sarp edişini azaltmak göz öňünde tutulýar

Oktýabr 16, 2023 | 09:06 |6797
Türkmen tarapy sowadyjy ulgamlaryň dolandyryşy, şol sanda ulanyşdan aýyrmaga degişli käbir sowadyjy ammarlar barada giňişleýin tanyşdyrýan degişli hasabaty hödürledi.Türkmen tarapy sowadyjy ulgamlaryň dolandyryşy, şol sanda ulanyşdan aýyrmaga degişli käbir sowadyjy ammarlar barada giňişleýin tanyşdyrýan degişli hasabaty hödürledi.
Çeşme: news.un.org

Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň Türkmenistandaky edaralarynyň wekilleri Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ozon gatlagyny goramak boýunça edarasynyň ýardamy bilen pudagara mejlisi geçirildi. Onda sowadyjy ammarlarda energiýa sarp edilişini azaltmak we ekologiýa taýdan arassa görnüşe geçirmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy sowadyjy ulgamlaryň dolandyryşy, şol sanda ulanyşdan aýyrmaga degişli käbir sowadyjy ammarlar barada giňişleýin tanyşdyrýan degişli hasabaty hödürledi. Gatnaşyjylar sowadyjy ammar işgärlerini, şol sanda gümrük we serhet gullukçylaryny okatmak boýunça we bu ugurdaky kanunçylyk namalaryny we degişli okuw gollanmalaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Energiýa sarp edilişini azaltmak boýunça hususy kärhanalar hem özleriniň tejribelerini paýlaşdylar. “Sähra” hojalyk jemgyýetiniň wekili sowadyjy ulgamlaryny täze tehnikalar we usullar bilen çalyşmak mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026