Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Biolog kitiň ony ummanda akuladan nädip halas edendigini gürrüň berdi

Oktýabr 15, 2023 | 11:32 |6017
ABŞ-ly deňiz biology Nan Hauzer 2017-nji ýylda Ýuwaş ummanynda bolup geçen ajaýyp wakasyny paýlaşdy. Ol Kuk adalarynda kitleri gorap saklamak baradaky dokumental filmiň üstünde işleýärdi we özüniň küýki kitleriň ýanynda ýüzýän suratyny düşürmek kararyna geldi. Ýöne, onuň ýanyna äpet gaplaň akula ýakynlaşanda, onuň jany howp astyndady. Şonda Hauzere kömege kitleriň biri gelip ony ýyrtyjydan gorady we howpsuz ýere alyp gitdi.ABŞ-ly deňiz biology Nan Hauzer 2017-nji ýylda Ýuwaş ummanynda bolup geçen ajaýyp wakasyny paýlaşdy. Ol Kuk adalarynda kitleri gorap saklamak baradaky dokumental filmiň üstünde işleýärdi we özüniň küýki kitleriň ýanynda ýüzýän suratyny düşürmek kararyna geldi. Ýöne, onuň ýanyna äpet gaplaň akula ýakynlaşanda, onuň jany howp astyndady. Şonda Hauzere kömege kitleriň biri gelip ony ýyrtyjydan gorady we howpsuz ýere alyp gitdi.
Çeşme: m24.ru

ABŞ-ly deňiz biology Nan Hauzer 2017-nji ýylda Ýuwaş ummanynda bolup geçen ajaýyp wakasyny paýlaşdy. Ol Kuk adalarynda kitleri gorap saklamak baradaky dokumental filmiň üstünde işleýärdi we özüniň küýki kitleriň ýanynda ýüzýän suratyny düşürmek kararyna geldi. Ýöne, onuň ýanyna äpet gaplaň akula ýakynlaşanda, onuň jany howp astyndady. Şonda Hauzere kömege kitleriň biri gelip ony ýyrtyjydan gorady we howpsuz ýere alyp gitdi.

Hauzer suwa bökende, erkek kitleriň biriniň burny we kellesi bilen ony itekläp başlandygyny aýtdy. Ol beýle hereketiň sebäbine düşünmändigi üçin gorkdy. Soňra kit ony suwuň üstünde göterip, özi bilen süýredi. Birnäçe minutdan soň, Hauzer suwda özüne hüjüm etmegi maksat edinýän akulany gördi. Şonda ol kitiň ony howpdan halas etjek bolýandygyna düşündi.

«Ol meni tumşugynyň öňünde goýdy we dessine akuladan daşyrak alyp gitdi. Men geň galdym we şol bir wagtyň özünde janymy halas edendigi üçin oňa minnetdar»,-diýip Hauzer aýtdy.

Bu wakadan bir ýyl soň, Hauzer ýene-de Kuk adalaryna bardy we kit sürüsiniň arasynda özüni goran kiti tanady. Onuň göwresinde häsiýetli yzlar bardy. Hauzer suwa bökdi we onuň ýanyna ýüzüp bardy. Kit ony tanady we oňa ýüzgüjini uzatdy.

«Men onuň tumşugyny sypalaym we gözlerine seretdim. We men bagtdan ýaňa agladym»,-diýip Hauzer gürrüň berýär.

Küýki kitler – ýitip gitme howpy abanýan täsin haýwanlardyr. Alymlaryň çaklamasyna görä, dünýäde bu görnüşiň 30-dan 60 müňe çenli görnüşiniň bardygy aýdylýar. Russiýada küýki kitler Gyzyl kitapba girizilip, «ejiz» statusyna eýe. Olaryň ýokary akyl we aragatnaşyk gurmak ukyby bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026