HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

Oktýabr 14, 2023 | 15:37 |9180
2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda iki ýurduň ilçihanalarynyň  ýakyndan ýardam bermeginde, Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Bu awiakompaniýa häzirki wagtda Tbilisi (Gruziýa) – Zhengzhou (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Zaragoza (Spaniýa) – Tbilisi (Gruziýa) ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda iki ýurduň ilçihanalarynyň  ýakyndan ýardam bermeginde, Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Bu awiakompaniýa häzirki wagtda Tbilisi (Gruziýa) – Zhengzhou (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Zaragoza (Spaniýa) – Tbilisi (Gruziýa) ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda iki ýurduň ilçihanalarynyň ýakyndan ýardam bermeginde, Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Bu awiakompaniýa häzirki wagtda Tbilisi (Gruziýa) – Zhengzhou (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Zaragoza (Spaniýa) – Tbilisi (Gruziýa) ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.

1.jpg

Türkmenistan Gruziýa bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle-de Aziýa, Kawkaz we Ýewropa ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, täze halkara ýük howa gatnawynyň açylmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine uly itergi berer.

2-1.jpg

Şeýlelikde, Türkmenistan Gruziýa bilen ýük howa gatnawlary ýola goýup, Kawkaz, Aziýa we Ýewropa ýurtlary ugry hyzmatdaşlygyny giňeldýär.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasy ýolbaşçylary bilen nobatdaky onlaýn görnüşinde duşuşygyny geçirdi.

3-2.jpg

Duşuşykda, Gruziýa bilen Aziýanyň we Ýewropanyň şäherlerini birleşdirjek Türkmenabadyň Halkara howa menzili üstaşyr nokat hökmünde ulanylyp, ilkinji nobatda onuň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ýagny Aziýany we Ýewropany birikdirýän howa ýollary, demir ýol we awtoulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi bilen şertlendirýändigi bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026