HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa ýurtlary Eýranyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzaýan ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşygy taýýarlaýarlar

Oktýabr 15, 2023 | 17:06 |5963
Täze ulag-üstaşyr geçelgesi ähli gatnaşýan taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýär we taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.Täze ulag-üstaşyr geçelgesi ähli gatnaşýan taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýär we taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Çeşme: ru.sputnik.kz

Türkmenistanyň ulag we demir ýol pudagynyň wekilleri özleriniň gazagystanly, özbegistanly, eýranly we türkiýeli kärdeşleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikler geçirdiler. Onda Eýranyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzaýan ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, "TASS" habarlar agentligi mälim edýär.

Özbek tarapynyň başlangyjy bilen guralan maslahatda Hytaý - Gazagystan - Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe - Ýewropa ugry boýunça halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşygyň baglaşylmagy bilen bagly möhüm meselelere maslahatlaşyldy diýip, Özbegistanyň Ulag ministrligi habar berýär.

Täze ulag-üstaşyr geçelgesi ähli gatnaşýan taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýär we taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda Ýewropa - Kawkaz - Aziýa ugry boýunça alternatiw ulag ugry hereket edýär. Ol Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryny Hazar deňziniň portlary we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly özara baglanyşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026