«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Astanadaky Digital Bridge-2023 tehnoforumyna gatnaşdy


Astana şäherinde Digital Bridge-2023 halkara tehnologiýa forumy geçirildi. Oňa 30 ýurtdan we 300 kompaniýadan 20 000-den gowrak wekil, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaygulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Sanly ulgamlary we emeli intellekti, ylmy we tehnologiki ideýalary ösdürmäge we durmuşa geçirmäge bagyşlanan ýokary derejeli foruma Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşdy. Ol öz çykyşynda soňky ýyllarda Digital Bridge-iň Merkezi Aziýada IT pudagynyň ösüşiniň soňky tendensiýalaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin iň uly platforma bolandygyny aýtdy.

Iki günüň dowamynda - 12-nji we 13-nji oktýabrda - önümçiligi we jemgyýetçilik durmuşyny sanlaşdyrmak arkaly tizligi, hili we amatlylygy nädip gazanmagyň hem-de ilata, işewürlige we hökümete maglumat goldawynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary barada çykyşlar edildi. Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy mowzuklarynyň biri emeli intellekt: ony ykdysadyýetde, senagatda we ylymda nädip ulanmalydygy boldy.
IT mekdepleriniň forumynda we sergisinde gurnalan 200-den gowrak sergi meýdançasynda sanly tehnologiýalary we emeli intellektiň ornaşdyrylmagy arkaly ýokary netijeleri gazanmagyň çalt, amatly we häzirki zaman usullary hödürlenýär. Digital Bridge 2023-iň çäginde halkara spikerler bilen 30-dan gowrak panel sessiýasy we beýleki çäreler geçirildi.
ORIENT news








