HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Awstriýaly ýyldyzlar Aşgabatda konsert berdiler

Oktýabr 13, 2023 | 15:57 |6331
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde opera aýdymçylaryň we tansçylaryň gatnaşmagynda Türkmen-Awstriýa bilelikdäki simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu barada “ORIENT-iň” habarçysy mälim edýär.Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde opera aýdymçylaryň we tansçylaryň gatnaşmagynda Türkmen-Awstriýa bilelikdäki simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu barada “ORIENT-iň” habarçysy mälim edýär.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde opera aýdymçylaryň we tansçylaryň gatnaşmagynda Türkmen-Awstriýa bilelikdäki simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu barada “ORIENT-iň” habarçysy mälim edýär.

Konsert çykyşlary Resul Gylyjowyň ýobaşçylyk etmegindäki orkestriň kompozitor Nury Halmämmedowyň sazlaryny ýerine ýetirmegi bilen badalga aldy. Soňra professor Wolfgang Hareriň dirižýorlyk etmeginde awtriýa sazlary ýerine ýetirildi. Ol 14 ýyl munda ozal, “Galkynyş” türkmen-awstriýa bilelikdäki orkestrini esaslandyryjylaryň biridir.

Şol gün säher bilen bolan söhbetdeşlikde professor Gylyjow bilen öňden gelýän dostlugy, onuň bilen işlemegiň uly hormatdygyny aýtdy. Gürrüňiniň barşynda, ol Resulyň Wena professoryň öýünde myhman bolşy we professoryň özüniň Aşgabatda Resulyň öýünde agşamlyk edişi barada ýakymly ýatlamalary gürrüň berdi. Olar häzir hem birek-biregň ellerini gysyp, konserte gelen tomaşaçylar bilen surata düşýärler.

Ol söhbetdeşliginde ähli adamlary jadylamaga we baglanyşdyrmaga ukyply sazyň güýji barada gürrüň berdi. “Saz bar ýerde düşündiriş gerek däl” dýlen sözleri onuň gapdalynda oturan Wenanyň meri Omar Al-Rawi hem aňryýany bilen goldady.

6528b794caeec062192792.jpg

Al-Rawi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işewürlik, energetika, ekologiýa we şähergurluşyk pudaklarynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Şeýle hem, medeni gatnaşyklaryň berk binýady ýola goýuldy. Türkmen-awstiýa jemgyýeti şolaryň esasylarynyň biridir. Onuň ýolbaşçysy – Neda Berger biziň gürrüňimize goşuldy. 70 ýaşdan geçendigine garamazdan, ol örän işeňňir we medeni çäreleri geçirmäge taýýar. Onuň konsertde eden çykyşyny “Salawmaleýkum, Türkmenistan” sözleri bilen başlamagyny hemmeler gyzgyn garşyladylar.

6528b7e6402c3994600964.jpg

Myhmanlar hususan-da, bu ýeriniň howasyny haladylar. Çö ýerinde ýerleşýändigine garamazdan, bu ýeriniň salkyn howasy bolup, daş-töwerek ýaşyl begrese beslenen. Awstriýa sahnasynyň görnükli wekilleri Regina Hengel we Lewente Günduza tomaşaçylaryň öňünde ýatdan çykmajak çykyşlary ýerine ýetirdiler. Awstriýa balçysy Dimitar Ştefanin Aşgabadyň gözelliklerine haýran galyp surata düşürýär. Onuň Wesela Dimowa bilen bilelikde ýerine ýetiren tans çykyşlary şowhunly el çarpyşmalara beslendi.

6528b7bd80567581992327.jpg

Türkmen we awstriýa zehinleriniň gezekli-gezegine ýerine ýetiren çykyşlary 2 sagada golaýlan konserti şeýle çalt geçdi. Şol agşam awstriýaly wekiller Aşgabatda öz ýurtlaryna bakan ýola düşdüler. Gitmezinden öň bolsa, indiki gezek has-da ajaýyp çykyşlary sowgat getirjekdiklerine söz berdiler.

6528b7eade7bd288940544.jpg

Arslan Mämmedow

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026