HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulyň taryhy künjegi täze öwüşgine eýe bolýar

Oktýabr 13, 2023 | 18:02 |8948
“Altyn Şah” aýlagynyň töwereklerini eýeleýän Haliç etraby – Stambul şäheriniň taryhy we iň ajaýyp ýerleriniň biri hasaplanylýar. Özüniň özboluşly görnüşi bilen “Altyn Şah” adyny alan inçejik aýlag Bosfor bogazynyň derwezesi haspalanylyp, onuň suwy günüň belli wagtlarynda, hususan-da, gün ýaşar wagtynda altynsöw öwüsýär.“Altyn Şah” aýlagynyň töwereklerini eýeleýän Haliç etraby – Stambul şäheriniň taryhy we iň ajaýyp ýerleriniň biri hasaplanylýar. Özüniň özboluşly görnüşi bilen “Altyn Şah” adyny alan inçejik aýlag Bosfor bogazynyň derwezesi haspalanylyp, onuň suwy günüň belli wagtlarynda, hususan-da, gün ýaşar wagtynda altynsöw öwüsýär.
Çeşme: Türkiýäniň ilçihanasyndan alyndy

“Altyn Şah” aýlagynyň töwereklerini eýeleýän Haliç etraby – Stambul şäheriniň taryhy we iň ajaýyp ýerleriniň biri hasaplanylýar. Özüniň özboluşly görnüşi bilen “Altyn Şah” adyny alan inçejik aýlag Bosfor bogazynyň derwezesi haspalanylyp, onuň suwy günüň belli wagtlarynda, hususan-da, gün ýaşar wagtynda altynsöw öwüsýär. Bu aýlagdaky tebigy port asyrlaryň dowamynda Osmanly we Rim imperiýalarynyň söwda gämilerine hyzmat edipdir. Köptaraply medeniýeti özünde jemleýän bu etrapda taryhy müňýyllyklara uzaýan Stambulyň gadymy metjitleri, ybadathanalary we sinagoglary we geň galdyrýan mekdepleri, şol bir wagtda bolsa, şähere döwrebaplyk bagyşlaýan häzirki zaman binaläry ýerleşýär.

Soňky ýyllarda şäheriň bu etraby medeni çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şeýle meşhur medeni forumlaryň hatarynda “Contemporary İstanbul” atly güýz aýlarynda geçirilýän sergidir. Onda ýerli we daşary ýurtlaryň medeni, döredijilik we sungat işleriniň dürli görnüşleri bilen tanyşmak bolýar. Irki döwürde senagat zolagy bolan bu künjekde tebigatyň hem ajaýyp görnüşi açylýar.

Umuman, bu ýere syýahata geleniňde, hökman aýlanaýmaly 3 sany gezelenç ugruny dykgatyňyza ýetirýäris.

Fener-Balat: köpöwüşginliligiň içindäki syýahat

Fener we Balat taryhy ýarymadanyň iki goňşy etraplarydyr. Bu ugur özüniň gaýtalanmajak binagärlik aýratynlyklary we taryhy mirasy bilen aýartyn tapawutlanýar. Asyrlaryň geçendigine garamazdan bu etraplar özüniň asyl taryhy keşbini saklamagy başarypdyr. Balat we Fener etraplarynda söwda merkezleri, çaýhanalar we jemgyýetçilik desgalar bar. Feneriň baýyrlygynda 19-njy asyrda gurlan “Milletiň beýik mekdebi” bu etrapda gurlan iň ajaýyp desgalaryň biridir. Gala meňzeş bu desgany ýerli ýaşaýjylar “gyzyl mekdep” diýip atlandyrýarlar. Sebäbi, onuň gurluşygynda Marselden getirilen gyzyl kerpiç giňden ulanylypdyr.

Pýer Loti baýyrlygy: “Altyn Şahyň” ajaýyp giňişligi

Fransuz ýazyjysy Žýulena Wio-nyň hormatyna dakylan bu baýyrdan Stambulyň 19-njy asyrdan saklanyp galan ajaýyp görnüşi açylýar. Onuň belentligine pyýada ýa-da asma ýoly arkaly baryp bolýar. Bu ýerde ýerleşýän çaýhanalarda içilen çaýyň lezzeti hem başgaça bolýar.

Täsin ýatakhanalardan iri kitaphana çenli

Eýýupsoltan etrabynda ýerleşýän Rami kitaphanasy – bu etrabyň iň täze ajaýyplyklarynyň biridir. Raminiň ýatakhanalar binalarynda gaýtadan dikeldiş işleri geçirilenden soňra, bu ýer özüniň ajaýyplygy bilen bu ýere gelenleri özüne çekýär. Jemi 22 gektar çäkde ýerleşýän bu kitaphananyň Stambulda we Ýewropada deňi-taýy ýokdur.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026