HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Ibn Sina bagyşlanan halkara ylmy maslahaty geçirildi

Oktýabr 12, 2023 | 14:05 |4086
Gatnaşyjylar bilimleriň baý dünýäsine eýe bolan we şolaryň ählisini 29 ylmy ugur boýunça 450 kitapda beýan eden meşhur ensiklopediýaçy alymyň işi barada söhbet etdiler. Awisennanyň Galeniň, Aristoteliň we Platonyň ideýalaryny ösdürmegi dowam etdirendigi nygtaldy.Gatnaşyjylar bilimleriň baý dünýäsine eýe bolan we şolaryň ählisini 29 ylmy ugur boýunça 450 kitapda beýan eden meşhur ensiklopediýaçy alymyň işi barada söhbet etdiler. Awisennanyň Galeniň, Aristoteliň we Platonyň ideýalaryny ösdürmegi dowam etdirendigi nygtaldy.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Aşgabatda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow, Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Kasimiýýah uniwersitetiniň rektory Awad Al-Halaf, Russiýa Federasiýasyndan Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň prorektory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Larisa Udoçkina, Türkiýe Respublikasyndan Uludag uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Hidaýet Peker, Özbegistan Respublikasynyň Lukmançylyk işgärleriniň hünär kämilleşdiriş merkeziniň professory Urazmat Jumatow, Türkiýe Respublikasynyň Biruny uniwersitetiniň professory Nezih Hekim, Stambul uniwersitetinden, weterinariýa lukmançylygynyň doktory, professor Serkan Ikiz dagylar Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň gymmatly mirasy, lukmançylyk ylmynda gazanan üstünlikleri, häzirki zaman lukmançylyk biliminde Awisennanyň orny, beýik akyldaryň eserleriniň pelsepe aýratynlyklary ýaly köpugurly mowzuklar boýunça çykyş etdiler.

Gatnaşyjylar bilimleriň baý dünýäsine eýe bolan we şolaryň ählisini 29 ylmy ugur boýunça 450 kitapda beýan eden meşhur ensiklopediýaçy alymyň işi barada söhbet etdiler. Awisennanyň Galeniň, Aristoteliň we Platonyň ideýalaryny ösdürmegi dowam etdirendigi nygtaldy.

Ylmy maslahat öz işini Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen üç bölümde dowam etdi. “Alym Arkadagymyzyň lukmançylyk taglymaty we Abu Aly ibn Sinanyň ylmy mirasy”, “Abu Aly ibn Sina we onuň zamanasy” we “Abu Aly ibn Sinanyň eserleriniň umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakdaky orny” atly bölümlerde alymyň lukmançylyk ylmyny ösdürmekdäki orny giňişleýin beýan edildi.

Şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026