HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Linkoln uniwersitetiniň wise-prezidenti türkmen uniwersitetiniň talyplaryna leksiýa berdi

Oktýabr 11, 2023 | 13:31 |6304
Pedagogika ylymlarynyň doktory, Linkoln uniwersitetiniň wise-prezidenti Maýk Guerra Halkara ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryna leksiýa berdi.Pedagogika ylymlarynyň doktory, Linkoln uniwersitetiniň wise-prezidenti Maýk Guerra Halkara ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryna leksiýa berdi.
Çeşme: IUHD

Pedagogika ylymlarynyň doktory, Linkoln uniwersitetiniň wise-prezidenti Maýk Guerra Halkara ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryna leksiýa berdi.

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy konferensiýanyň çäginde Türkmenistana gelen amerikan hünärmeni paýtagtdaky uniwersitetiň talyplary üçin "Linkoln uniwersitetinde iş dolandyryşy: bakalawr we magistrature programmalary" temasy boýunça leksiýa berdi

Maýk Guerra öz çykyşynda Linkoln uniwersiteti we onuň esasy işleri barada jikme-jik maglumatlary berdi. Linkoln uniwersitetinde hödürlenýän akademiki ylymlar beýan edildi. Uniwersitetiň programmalary täze ýolbaşçylary we dolandyryjylary taýýarlaýar. Bular diňe bazar üýtgeşmelere uýgunlaşman, edaralary ösdürmegiň strategiýasyny hem döretmek üçin olary öňünden kesgitleýän hünärmenlerdir.

1697008532001.JPEG

Bakalawr we magistr talyplarynyň bu programmada aljak bilimleri we başarnyklary ähliumumydyr; biznes üçin standart däl çözgütleri tapmagy öwrenýärler we halkara gurşawyna we tejribesine salgylanyp, kompaniýanyň meselelerini dünýä derejesinde göz öňünde tutup bilerler. Leksiýanyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar minnetdarlyk bildirdiler, sebäbi talyplar bilen geçirilýän şular ýaly çäreler olaryň bilim bazasyny baýlaşdyrmagyna ýardam edýär.

Belli bolşy ýaly, Linkoln uniwersiteti Oklend şäherindäki (Kaliforniýa, ABŞ) hususy uniwersitetdir. Onda iş-dolandyryş programmalaryna bakalawr we magistratura, şeýle hem iňlis dili, şahadatnama almak we bakalawr programmalary boýunça 500-den gowrak talyp okaýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026