HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wenanyň meri we gubernatory Türkmenistanda geçiriljek V Wena baly bilen gutlady

Oktýabr 12, 2023 | 10:49 |9068
Pandemiýa zerarly iki ýyllyk arakesmeden soňra dünýäniň saz paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşmaga we ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. Nusgawy sazyň Wena döwri diýip atlandyrylýan zamanynda bu şäher Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlara dünýä belli sazlaryny döretmäge ylham berdi.Pandemiýa zerarly iki ýyllyk arakesmeden soňra dünýäniň saz paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşmaga we ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. Nusgawy sazyň Wena döwri diýip atlandyrylýan zamanynda bu şäher Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlara dünýä belli sazlaryny döretmäge ylham berdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Pandemiýa zerarly iki ýyllyk arakesmeden soňra dünýäniň saz paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşmaga we ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. Nusgawy sazyň Wena döwri diýip atlandyrylýan zamanynda bu şäher Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlara dünýä belli sazlaryny döretmäge ylham berdi.

Awstriýanyň paýtagty tansyň hem-de Wena bal däpleriniň halkara paýtagty hökmünde hem meşhurdyr. Tutuş dünýäde adamlar täze ýylyň başlanmagyny ady rowaýata öwrülen «Mawy Dunaý» wals tansy hem-de Ştrauslar neberesiniň agzalarynyň tans sazlary bilen belleýärler.

Wenanyň gaýtalanmajak dünýäsi bilen döredilen özboluşly we täsin sazy netijesinde däp bolan Wena ballary daşary ýurtlarda iri halkara çärelerine öwrüldi. Aşgabatdaky myhmanlarymyz her ýylda geçirilýän Wena opera balynda «Alles Walser!» çagyryşyny ýene-de eşidip bilerler.

Başga ýurtlarda geçirilýän Wena ballarynda Wena şäheri tutuş dünýä bilen durmuşy dabaralandyrýan dostluk ruhuny paýlaşýar.

Türkmenistandaky Wena baly şatlygyň, parahatçylygyň we halkara özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar.

Şulary göz öňünde tutup, çäräni guraýjylara uly üstünlikleri, ähli myhmanlara bolsa ýatdan çykmajak agşamy hem-de däp bolan Wena walsynyň jadyly owazy astynda Wenanyň gaýtalanmajak dünýäsinden lezzet almagy arzuw edýärin.

Mihael Lýudwig, Wenanyň meri we gubernatory.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026