HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Kanada geljek ýylda daşary işler ministrlikleriniň geňeşmelerini geçirer

Oktýabr 10, 2023 | 20:33 |6505
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Alan Hemson (oturýan ýeri Astana şäheri) bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Alan Hemson (oturýan ýeri Astana şäheri) bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Alan Hemson (oturýan ýeri Astana şäheri) bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-kanada gatnaşyklaryny giňeltmekde üstünlik arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem döwletara formatda, halkara we sebit guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, diplomatlar 2024-nji ýylda daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmäge ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Geljegi uly ugurlaryň arasynda söwda we ykdysady toplum, ýangyç we energetika pudagy, “ýaşyl energiýa”, şeýle hem bilim ulgamy bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026