Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-nyň BÝKM-niň Ženewadaky bosgunlar sessiýasyna gatnaşýar

Oktýabr 10, 2023 | 17:55 |6097
Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 74-nji mejlisi 9-njy oktýabrda Ženewada öz işine başlady. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem foruma gatnaşýar diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 74-nji mejlisi 9-njy oktýabrda Ženewada öz işine başlady. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem foruma gatnaşýar diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 74-nji mejlisi 9-njy oktýabrda Ženewada öz işine başlady. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem foruma gatnaşýar diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Sessiýada Ýokary Komissaryň dünýädäki bosgunlaryň ýagdaýy baradaky hasabatyna, Halkara gorag we degişli maksatnamalar boýunça Hemişelik komitetiniň hasabatlaryna, şeýle hem hödürlenen wekiliýetleriň hasabatlaryna we çykyşlaryna seredilýär.

Türkmen wekiliýetiniň başlygy öz çykyşynda bosgunlar we gaçybatalga gözleýänler, olary goramak we zerur şertler bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin ýurtlar bilen BMG guramalarynyň, hususan-da BMG BÝKM-i bilen ýakyn gatnaşyklaryň möhümdigini aýtdy. Sazakow Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasaty, durmuşa geçirilýän we ýakyn geljekde meýilleşdirilýän meýilnamalar, şol sanda 2024-nji ýylda raýatlygy ýok etmek boýunça sebitleýin konferensiýa geçirmek barada habar berdi.

Ýokary komissar ýakyn wagtda geçiriljek konferensiýany geçirmek başlangyjy we umuman BMG-ä berýän goldawy üçin Türkmenistan hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada bosgunlar we raýatlygy baradaky ähli konwensiýalara goşulan ýeke-täk ýurtdygyny belledi.

Ýokary komissar Türkmenistanyň raýatlygy ýok etmekdäki işine we başlangyjyna, şeýle hem bu ugurda gazanylan möhüm ösüşe ünsi jemledi.

Sessiýa işini 13-nji oktýabra çenli dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026