HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow we Buýar Osmani Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklara baha berdiler

Oktýabr 09, 2023 | 23:33 |9605
Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (OSCEHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (OSCEHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi.
Çeşme: "Altyn asyr" teleýaýlymynyň suratlary

Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (OSCEHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi.

Osmani, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde konstruktiw syýasat alyp barýan Bitarap Türkmenistan bilen gepleşikleri ösdürmäge uly gyzyklanma bildirdi, bu barada agşamky “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýewropaly diplomat soňky döwürdäki Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda baglaşylan şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine ýokary baha berdi we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde, şeýle hem sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurduň işjeň roluny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň sözlerine görä, Osmaniniň bu sapary Aşgabat bilen ÝHHG-niň, şeýle hem Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşar.

1.jpg

Daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly Türkmenistan, DÖM-laryna ýetmek we global howpsuzlygy üpjün etmek üçin bilelikdäki maksatnamalara we taslamalara işjeň gatnaşyp, ÝHHG-ny hem goşmak bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary maksatly ösdürýär diýip, bellemek bilen döwlet Baştutany meseleleriň giň toparyndaky syýasy gepleşiklerde ÝHHG-niň ähmiýeti barada hem aýdyp geçdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň parlamentara hyzmatdaşlygy arkaly üsti ýetirildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Mejlisi we ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň guramagynda “Bitarap döwletleriň ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde tutýan orny” atly halkara konferensiýasynyň geçirilendigi bellendi.

ÝHHG-niň çäginde özara gatnaşyklaryň ýene bir möhüm ugry, ýurduň döwlet derejesinde uly üns berýän adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri we kanunyň hökmürowanlygyny goramakdyr. Beýleki ugurlar bolsa, energiýa çeşmeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly eltilmegini üpjün etmegi, ykdysady ösüşiň durnukly bolmagy we ulag potensialyny durmuşa geçirmegi, daşky gurşawy goramagy we suwdan tygşytly peýdalanmagy öz içine alýar.

2 (1).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026