HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

V Wena baly ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçiriler

Oktýabr 09, 2023 | 23:12 |7800
V Wena baly Arkadag şäherinde 11-nji oktýabrda sagat 18:00-da şäher häkimliginiň binasynyň golaýynda geçiriler. Bu çäre, Awstriýanyň paýtagtynyň meri (häkimi) Mihael Lýudwigiň howandarlygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Türkmen-Awstriýa jemgyýeti tarapyndan gurnalýar. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bu barada ORIENT-e habar berdi.V Wena baly Arkadag şäherinde 11-nji oktýabrda sagat 18:00-da şäher häkimliginiň binasynyň golaýynda geçiriler. Bu çäre, Awstriýanyň paýtagtynyň meri (häkimi) Mihael Lýudwigiň howandarlygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Türkmen-Awstriýa jemgyýeti tarapyndan gurnalýar. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bu barada ORIENT-e habar berdi.
Çeşme: tdh.gov.tm

V Wena baly Arkadag şäherinde 11-nji oktýabrda sagat 18:00-da şäher häkimliginiň binasynyň golaýynda geçiriler. Bu çäre, Awstriýanyň paýtagtynyň meri (häkimi) Mihael Lýudwigiň howandarlygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Türkmen-Awstriýa jemgyýeti tarapyndan gurnalýar. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bu barada ORIENT-e habar berdi.

Jemgyýetiň ýolbaşçysy, munuň täze şäherde geçiriljek ilkinji baldygyny, Awstriýadan gelen işewürlik wekilleri, Wena şäher häkimliginiň agzalary, medeniýet we sungat işgärleri, şol sanda döwletiň paýtagtyndaky esasy tans bäsleşiginiň ýeňijisi, häzirki zaman balet tansçysy Demitor Stefaniniň balyň myhmanlary boljakdygyny belledi.

Şeýle hem 12-nji oktýabrda professor Wolfgang Harer we Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde konsert berjek Türkmen-Awstriýa orkestriniň gelmegine garaşylýar. Çäreleriň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Esasy dabaralar Wena şäheriniň meriniň gutlag ýüzlenmesinden soň açylar. Soňra balyň bir bölegi hökmünde Awstriýadan tans toparlary çykyş ederler.

Iň soňky gezek Wena baly 2019-njy ýylda geçirilipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026