HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hançžou şäherinde tomusky Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Oktýabr 09, 2023 | 22:57 |9591
Ýekşenbe güni agşam, Hytaýyň Hançžou şäherinde XIX Aziýada oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi, şonda sport festiwalynyň netijeleri jemlenip, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagy indiki oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan Ýoniýanyň Nagoýe şäherine gowşuryldy.Ýekşenbe güni agşam, Hytaýyň Hançžou şäherinde XIX Aziýada oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi, şonda sport festiwalynyň netijeleri jemlenip, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagy indiki oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan Ýoniýanyň Nagoýe şäherine gowşuryldy.
Çeşme: russian.news.cn

Ýekşenbe güni agşam, Hytaýyň Hançžou şäherinde XIX Aziýada oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi, şonda sport festiwalynyň netijeleri jemlenip, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagy indiki oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan Ýoniýanyň Nagoýe şäherine gowşuryldy.

Dabara giňeldilen hakykat tehnologiýalarynyň kömegi bilen gülleýän baga öwrülen “Big Lotus” stadionynda geçirildi. Stadionyň meýdançasynda Aziýanyň gülläp ösmegini we Aziýa medeniýetleriniň dürlüligini alamatlandyrýan 19 sany ullakan osmantus güli gülledi. Her gül Aziýa oýunlarynda görkezilen 19 düzgünleri görkezýärdi.

Dabara Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň premýer-ministri Li Tsýan gatnaşdy, ol Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary we guramaçylary çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Aziýa Olimpiýa geňeşiniň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Randhir Singh Aziýa oýunlarynyň resmi taýdan ýapylýandygyny yglan etdi we görlüp-eşidilmedik üstünlik üçin Hytaý Hökümetine, Hytaýyň Olimpiýa komitetine, Hançžou halkyna we guramaçylyk toparyna minnetdarlyk bildirdi.

Ondan soň Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagyny Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň gubernatoryna we 2026-njy ýyldaky Aziýa oýunlaryny kabul edýän şäher Nagoýeniň häkiminiň orunbasaryna gowşurmak dabarasy boldy.

Ýapylyş dabarasy reňkli feýerwerkler we hytaýly hem-de aziýaly tanymal sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda aýdym-saz görkezilişi bilen tamamlandy. Olar Aziýa, sport we parahatçylyga bagyşlanan aýdymlary aýtdylar.

Bu ýaryşlara gatnaşan türkmen türgenleri jemi 7 medal gazandylar - bir kümüş we alty sany bürünç. Dzýudoçy Maýsa Pardaýewa, boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow, erkin göreş boýunça pälwan Döwletmyrat Orazgylyjow, kuraş boýunça Işanmyrat Ataýew we Aýnur Amanowa, karate boýunça Baýry Baýryýew bürünç medallara eýe boldular. Kuraş ussady Tejen Tejenow türkmen toparyna kümüş medal getirdi.

Aziýa oýunlarynyň 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda geçirilendigini ýatladýarys. Hançžou şäherinde geçirilen XIX tomusky Aziýa oýunlary ilkibaşda 2022-nji ýylyň 10-25-nji sentýabry aralygynda geçirilmelidi, ýöne “Covid-19” pandemiýasy sebäpli ýaryş 2023-nji ýyla yza süýşürildi.

Jemi Aziýanyň 45 ýurdundan 15 müňden gowrak türgen gatnaşdy. Oýunlarda sportuň 40 görnüşi boýunça 481 medallar toplumy gowşuryldy.

Türkmen türgenleri ýurda sportuň 3x3 basketbol, boks, erkin we grek-rim göreşi, jiu-jitsu, dzýudo, kuraş göreşi, karate, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu ýaly görnüşleri boýunça wekilçilik etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

22:00 Awgust 31, 2026
Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

20:00 Awgust 31, 2026
Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

18:00 Awgust 31, 2026