Türkmenistanly ýaş suratkeşler Bişkekde geçirilen Delfi oýunlarynda ýeňiji boldular


Şu günler Gyrgyzystanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda 17-nji Delfi oýunlary geçirilýär. Sungat ugry boýunça geçirilýän bu özboluşly olimpiada 10 – 25 ýaş aralygyndaky 600 töweregi ýaş oglan gyzlar gatnaşýarlar. Türkmenistanly ýaşlar bu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýarlar.

Oýunlaryň ikinji gününde – 9-njy oktýabrda G.Aýtiýewa adyndaky Gyrgyzystanyň Milli şekillendiriş muzeýinde şekillendiriş we çeperçilik senetçiligi boýunça geçirilen ýaryşyň ýeňijilerin sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňijileriň hatarynda Türkmenistandan ýaş suratkeşler Selbi Nurýagdyýewa we Wepa Ýazmyradow hem bar diýip, “Кабар” habarlar agentligi mälim edýär.

Delfi oýunlarynyň eminler toparyna GDA döwletleriniň 30-dan gowrak belli sungat işgärleri, professorlar we sungaty öwreniji alym doktorlary girýär.

Şekillendiriş sungaty boýunça eserlere Gyrgyzystanyň at gazanan surateşi, Russiýanyň halk suratkeşi Sergeý Gagauzow baha berdiler.

Gyrgyz paýtagtynda geçirilýän oýunlara Aşgabat şäheriniň we welaýat merkezleriniň ýörite sungat hem-de sazçylyk mekdebiniň okuwçylary gatnaşýarlar. Olar jemi 10 ugur boýunça bäsleşiklere gatnaşýarlar.

ORIENT news








