HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Robin Guduň agajy klonlamak arkaly täzeden dörediler

Oktýabr 09, 2023 | 17:09 |9379
Bu meşhur agaç iki jahan urşuny, 7 patyşanyň, 40-dan gowrak premýer-ministriň döwürlerini görendir. Has takygy, ol 28-nji sentýabrda näbelli adamlar tarapyndan çapylýar.Bu meşhur agaç iki jahan urşuny, 7 patyşanyň, 40-dan gowrak premýer-ministriň döwürlerini görendir. Has takygy, ol 28-nji sentýabrda näbelli adamlar tarapyndan çapylýar.
Çeşme: treepics.ru

Angliýanyň Nortumberlend graflygynyň milli seýilgähinde sentýabr aýynyň ahyrynda bikanun çapylan Robin Guduň agajy alymlar tarapyndan klonlamak arkaly täzeden dörediler. Bu meşhur agaç iki jahan urşuny, 7 patyşanyň, 40-dan gowrak premýer-ministriň döwürlerini görendir. Has takygy, ol 28-nji sentýabrda näbelli adamlar tarapyndan çapylýar.

Ady rowaýat öwrülen bag ilkinji gezek 1991-nji ýylda düşürilen “Robin Gud: Ogrularyň şazadasy” atly filmde köpçülikleýin görkezildi. Angliýanyň iň köp surata düşürilýän bu bagy 2016-njy ýylda “Ýylyň bagy” adyna eýe boldy. Rowaýata görä, Robin Guduň bolýan öýjagazy Şerwud tokaýlygyndaky dub agajynda ýerleşipdir, ýöne kino surata düşürilende bu bag ulanylypdyr.

Alymlar bagyň köki arkaly ony gaýtadan ösdürip boljakdygyny nygtaýarlar. Ýöne ol ozalkysy ýaly äpet bolmaz. Şonuň üçin-de, bilermenler klonlamak arkaly köpeltmek bilen genetiki taýdan meňzeş bagy döretmek kararyna geldiler. Üstesine, ösümligi klonlamak işi has aňsat düşýär.

Beýik Britaniýanyň taryhy ähmiýetli desgalar we tebigy gözellikler gaznasynyň wekilleri eýýäm klonlamak üçin agajyň köklerini we kesiklerini ýygnadylar. Şeýle hem agajy sapmak usullaryny ulanmak mümkinçiliklerine seredilýär diýip, “The Daily Mail” neşiri habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026