HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly çagalar Moskwada geçirilen haýyr-sahawat festiwalyna gatnaşdylar

Oktýabr 09, 2023 | 11:01 |7360
Görüş mümkinçiligi çäkli türkmenistanly we başga-da onlarça döwletleriň çagalary “Ak hasa” ady bilen geçirilýän XIV Halkara haýyr-sahawat festiwalynyň gala-konsertiniň saýlama tapgyryna gatnaşdylar. Bu çäre 10-njy oktýabrda rus paýtagtyndaky “Krokus Siti Holl” konerstler merkezinde geçiriler diýip, “Культура” gazeti habar berýär.Görüş mümkinçiligi çäkli türkmenistanly we başga-da onlarça döwletleriň çagalary “Ak hasa” ady bilen geçirilýän XIV Halkara haýyr-sahawat festiwalynyň gala-konsertiniň saýlama tapgyryna gatnaşdylar. Bu çäre 10-njy oktýabrda rus paýtagtyndaky “Krokus Siti Holl” konerstler merkezinde geçiriler diýip, “Культура” gazeti habar berýär.
Çeşme: portal-kultura.ru

Görüş mümkinçiligi çäkli türkmenistanly we başga-da onlarça döwletleriň çagalary “Ak hasa” ady bilen geçirilýän XIV Halkara haýyr-sahawat festiwalynyň gala-konsertiniň saýlama tapgyryna gatnaşdylar. Bu çäre 10-njy oktýabrda rus paýtagtyndaky “Krokus Siti Holl” konerstler merkezinde geçiriler diýip, “Культура” gazeti habar berýär.

Bu çäre görüş mümkinçiligi çäkli adamlaryň 15-nji oktýabrda bellenjek Ak hasanyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýär. Onuň saýlama tapgyryna Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan jemi 500 çaga gatnaşdy. Moskwa şäherine daşary ýurtlardan jemi 70 çaga çagyryldy.

Festiwalyň esasy maksady görüşi çäkli adamlaryň jemgyýete goşulmagyna we döredijilik ukyplaryna ýardam bermekden ybaratdyr. Şeýle hem, bu çäre adamlaryň görüşi gowşak çagalara duýgudaşlygyny oýarmagy we ynsanperwerlik kömegini bermegi maksat edinýär.

Birnji tapgyryň ýeňijileri meşhur rus artistleri, şol sanda Zara, Alsu, Lýusa Çebotina, Shaman, Wana Dmitriýenko, Anastasiýa Makeýewa, Denis Maýdanow, Mark Tişman, Anita Soý, Dmitriý Guberniýew, Ýuliýa Parşuta, Dmitriý Koldun, Aleksandr Panaýotow, Rodiono Gazmanowa dagylar bilen bir sahnada çykyş ederler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026