HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Näzli" tans topary Hindistanda çykyş eder

Oktýabr 07, 2023 | 16:00 |9117
"Näzli" tans topary Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide 18-20-nji oktýabrda geçiriljek halkara tans we saz festiwalynyň gatnaşýar."Näzli" tans topary Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide 18-20-nji oktýabrda geçiriljek halkara tans we saz festiwalynyň gatnaşýar.
Çeşme: eoi.gov.in

"Näzli" tans topary Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide 18-20-nji oktýabrda geçiriljek halkara tans we saz festiwalynyň gatnaşýar.

Halkara çäräniň öňüsyrasynda Hindistanyň ýurdumyzdaky ilçisi Widhu Pithambaran Nair tans toparynyň agzalary bilen duşuşyp, artistlere şowly çykyşlary arzuw etdi.

Jemi 11 tansçy ýurdumyzyň adyndan wekilçilik eder. Ilçihananyň mälim etmegine görä, "Näzki" tans topary festiwalyň çäklerinde iki ýerde çykyş eder. Artistler türkmen tans sungaty, medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrarlar.

IMG_20231007_155456.jpg

"Näzli" tans topary 30 ýyl mundan ozal, ýagny 1993-nji ýylda döredilip, toparyň ýolbaşçysy Ýelena Dormidontowadyr. Geçen döwürde tans topary müňlerçe sahnada çykyş edip, halkara festiwallarda we baýramlarda ýurdumyza wekilçilik etdi.

Tans toparynyň Hindistandaky festiwala gatnaşmagy iki ýurduň arasynda baglaşylan medeniýet we sungat ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026