HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow telefon arkaly Putini doglan güni bilen gutlady

Oktýabr 07, 2023 | 14:26 |7371
TDH agentliginiň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.TDH agentliginiň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Çeşme: orient.tm

TDH agentliginiň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmen Lideri rus kärdeşini doglan güni bilen gutlady we oňa jan-saglyk, bagt, abadançylyk we ýokary Hökümet wezipesinde üstünlikler arzuw etdi. Şeýle hem, deňlik, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösmegine berlen şahsy ünsi we goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

“Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşydyr. Gatnaşyklarymyz deňlik, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýar” -diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi. Söhbetdeşlikde bellenip geçilişi ýaly, häzirki wagtda iki ýurt hem dürli ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar oňat netijeleri görkezýär, pudaklaryň arasyndaky täsirli aragatnaşyk ýola goýuldy we parlamentara gatnaşlyklar ösdürildi.

Medeni, ylym-bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdirilýär, bu bolsa, iki döwletiň halklaryny ýakynlaşdyrmakda esasy faktorlaryň biridir.

Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Putin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we onuň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we giňeltmekde uly goşant goşandygyny belledi.

7-nji oktýabrda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin doglan gününi belleýär. Şu gün döwlet Baştutany 71 ýaşady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026