HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaş türkmen sazandalary ilkinji gezek Bişkekdäki Delfiýa oýunlaryna gatnaşýarlar

Oktýabr 03, 2023 | 21:25 |7923
GDA agza ýurtlaryň sazandalary üçin Delfiýa oýunlary 6-10-njy oktýabr aralygynda Bişkekde geçiriler. Saz bäsleşigi on ýedinji gezek Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilýär. Türkmenistanly ýaş sazandalar hem bu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýarlar.GDA agza ýurtlaryň sazandalary üçin Delfiýa oýunlary 6-10-njy oktýabr aralygynda Bişkekde geçiriler. Saz bäsleşigi on ýedinji gezek Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilýär. Türkmenistanly ýaş sazandalar hem bu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýarlar.
Çeşme: kabar.kg

GDA agza ýurtlaryň sazandalary üçin Delfiýa oýunlary 6-10-njy oktýabr aralygynda Bişkekde geçiriler. Saz bäsleşigi on ýedinji gezek Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilýär. Türkmenistanly ýaş sazandalar hem bu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýarlar.

Ýurduň dürli sazçylyk bilim edaralaryndan alty sany sazandalar oýunlara gatnaşar. Olardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dört zehinli talyby - Erjel Ýagşymyradow (fortepiano), Şaislam Komiljanow (fortepiano), Elina Gurbanowa (skripka) we Seýran Atanyýazow (skripka) bar. Şeýle-de konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatyndan ýaş pianinoçy - Aýnur Otuzowa (fortepiano) we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinden - Arslan Şaripow (akkordion) dagylar hem bu oýunlara gatnaşarlar.

Oýunlara TMK-nyň uly mugallymy, halkara ýaryşlaryň ýeňijisi Stella Faramazowa konsertmeýster bolup gatnaşar.

Oýunlara 14-25 ýaş aralygyndaky GDA agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşyp bilerler we bäsleşigiň özi käbir eserleriň ýerine ýetirilmegi bilen iki tapgyrda geçiriler. Baýrakly orunlar topar ballarynyň sanyna görä paýlanar.

Bäsleşigiň maksatnamasy aşakdaky nominasiýalardan ybarat: fortepiano, skripka, akademiki aýdym aýtmak, ýekebara halk aýdymy, estrada aýdymy, halk tansy, üflenip çalynýan saz gurallaryny çalmak, şekillendiriş sungaty, çeperçilik senetleri, milli saz gurallary. Bäsleşigiň netijelerine esaslanyp, ýeňijiler ýörite nominasiýalar boýunça sylaglanarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026