Durban porty BRICS-iň goldawy bilen döwrebaplaşdyrylýar
Durban porty BRICS-iň goldawy bilen döwrebaplaşdyrylýarInfrastruktura — bu ykdysadyýetiň şahasydyr, olarda bökdençlik dörän ýagdaýynda tutuş ulgam zyýan çekýär. Bir wagtlar söwda kuwwatynyň nyşany bolan port wagtyň geçmegi bilen tutuş sebitleriň ösüşini bökdeýän dar ýere öwrülip biler. Emma maýa goýumlar we hyzmatdaşlyk onuň öňki ähmiýetini gaýtaryp, söwda üçin täze mümkinçilikleri döreder.
Durban porty Afrikanyň beýleki portlarynyň ählisinden köp ýük kabul edýär we işleýär. Emma könelişen infrastruktura we logistiki meseleler onuň işine ençeme ýyllap ýaramaz täsir etdi. Indi döwlet we halkara maliýeleşdirmeleriniň ýüzlerçe million dollary porty özgertmäge kömek edýär. Täze ösüş banky porty döwrebaplaşdyrmak boýunça tagallalary goldan halkara maliýe guramalarynyň biri bolup, 2018-nji ýylda 260 million dollar möçberinde karz berdi.
«Biz bar bolan infrastrukturany abatlaýarys. Mundan başga-da, ýakyn wagtda gelip gowuşjak öwrüm kranlaryna goýulýan maýa goýumlar gäminiň dokunyň özüni abatlamak boýunça alyp barýan işimiziň bir bölegidir. Munuň ikinji ugry bolsa işewürligi özgertmekdir. Şonuň üçin işewürligi özgertmegiň bir bölegi hökmünde öz gämilerimizi abatlamak üçin ulanyljak merkezi göterijini satyn almak boýunça işleri alyp barýarys» diýip, portuň dolandyryjysy Mpumi Dweba-Kwetana aýtdy.
Häzirki wagtda port Afrika yklymynyň erkin söwda zolagynyň döredilmegi bilen konteýner gatnawlarynyň artmagyna taýýarlyk görýär. «Biz özümizi has uly gämileri kabul etmäge mümkinçilik berjek, şeýle hem, bu örän möhüm, işimiziň netijeliligini ýokarlandyrjak we doklarymyz üçin laýyk bahalary kesgitlejek görnüşde ýerleşdirýäris» diýip, dolandyryjy aýtdy.
Emma häzirki zaman portuna netijeli işleýän feeder gatnawlar ulgamy hem zerurdyr. 2024-nji ýylda Täze ösüş banky “Transnet” ýük demir ýol gatnaw ulgamynyň dikeldilmegini goldamak üçin ýene-de 300 million dollar bölüp berjekdigini mälim etdi. Ulgam dürli ýaramaz ýagdaýlardan we işdäki bökdençliklerden ep-esli derejede zyýan çekdi. Bu ýagdaý portlara haryt akymynyň çäklendirilmegine we ykdysady ösüşe ýaramaz täsir etdi.
«Ösüş bilen baglanyşykly meselelerimize seretsek, olaryň üpjünçilik bilen baglydygyny görýäris. Ilki bilen bu energetika pudagydy, ony çözmek üçin bize on ýyldan gowrak, takmynan 16 ýyl gerek boldy. Indi logistika ulgamynda hem şoňa meňzeş mesele bar we ony çözmelidiris, sebäbi logistika işlemeýän bolsa, biz hatda çig malyň ösüşinden hem peýdalanyp bilmeýäris» diýip, Günorta Afrikanyň maliýe ministri Enoh Godongwana aýtdy.
“Transnet”-iň «Ösüş üçin täzeden gurmak» strategiýasy infrastrukturany dikeltmäge we netijeliligi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Maksat magdanlardan we fermalardan porta, soňra bolsa halkara bazarlaryna harytlaryň daşalmagyny çaltlandyrmakdan ybarat. «Eger muny düzetmesek, ulgam ýaramazlaşmagyny dowam etdirer. Muňa ýol bermek bolmaz, sebäbi meniň öň aýdyşym ýaly, ulgam ýaramazlaşanda relsden çykmalar we ýollarda dürli hadysalar ýüze çykýar. Otlylar ýeterlik çalt hereket etmeýär. Eger şeýle ýagdaý dowam etse, bu harytlaryň porta we portdan daşalmagynyň depgininiň haýallamagyny aňladar» diýip, “Transnet”-iň baş direktory Mişel Fillips aýtdy.
“CCTV+”-niň habar berşi ýaly, Günorta Afrikanyň port we demir ýol ulgamynyň dikeldilmegi diňe bir infrastrukturanyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak meselesi däl. Bu ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we Durban portuny Afrikanyň hem-de BRICS ýurtlarynyň has giň söwda hyzmatdaşlygynyň arasyndaky derweze hökmünde eýeleýän ornuny berkitmek bilen baglydyr. Täze ösüş bankynyň goldawy birleşmäniň bilelikdäki tagallalarynyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetleri üçin anyk netijeleri berip biljekdigini görkezýär.





