HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazar üsti arkaly Ýewropa gaz ibermekde Türkmenistanyň garaýşy üýtgewsizdir

Sentýabr 29, 2023 | 17:34 |8770
Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Berlinde geçirilen duşuşygynda Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamynyň Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygyny belledi.Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Berlinde geçirilen duşuşygynda Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamynyň Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygyny belledi.
Çeşme: apa.az

Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Berlinde geçirilen duşuşygynda Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamynyň Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygyny belledi.

Bellenişi ýaly, Türkmenistan gaz çykarmak boýunça kuwwatlyklaryň artdyrylmagyna, köpugurly gaz ulag düzüminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär we munuň özi türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini üpjün etmäge ýardam berýär. «Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň güntertibinde möhüm orun eýeländigini we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Hazar üsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän üýtgewsiz garaýşyny tassyklaýaryn» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, soňky 15 ýylyň dowamynda köp işleri ýerine ýetirdik, Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

«Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, Ýewropanyň aýry-aýry döwletleri hem-de kompaniýalary bilen iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyrys» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026