HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki nädip tiz ugratmaly?!

Sentýabr 28, 2023 | 17:19 |181714
Az bolsun, köp bolsun, göwrümi uly ýa kiçi bolsun, tapawudy ýok, Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki tiz we amatly ugratmak üçin “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň islendik ýük bölümine ýüz tutmak ýeterlik. Bu bölümler ýurdumyzyň islendik welaýatynda demir ýol menzillerinde bar.Az bolsun, köp bolsun, göwrümi uly ýa kiçi bolsun, tapawudy ýok, Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki tiz we amatly ugratmak üçin “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň islendik ýük bölümine ýüz tutmak ýeterlik. Bu bölümler ýurdumyzyň islendik welaýatynda demir ýol menzillerinde bar.
Çeşme: orient.tm

Az bolsun, köp bolsun, göwrümi uly ýa kiçi bolsun, tapawudy ýok, Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki tiz we amatly ugratmak üçin “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň islendik ýük bölümine ýüz tutmak ýeterlik. Bu bölümler ýurdumyzyň islendik welaýatynda demir ýol menzillerinde bar.

Ýüki demir ýol menziline özüň baryp ýa-da ýüki alyp gitmäge çapar çagyryp hem iberip bolýar. Ýüküň ugradylýan ýerinde poçta kärhananyň işgärleri islendik görnüşli, hala gurluşyk serişdeleri, mebel, iri hojalyk tehnikasy ýa başga ýükler bolsun, ýüklemek we düşürmek işinde ýardam bererler.

Ugradyljak ýük “akylly” terezilerde ölçelýär. Operator kompýutere ýüküň barmaly ýerini we agramyny girizýär, kompýuter bolsa, ony awtomatik usulda hasaplap, çykdajylary görkezýär. Girizilen maglumatlary we hasaplamalary “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň bitewi sanly platformasynda hem görüp bolýar. Bu bolsa, kärhananyň alyp barýan işine ilatyň ynamyny güýçlendirýär. Ýük ugratmak üçin çykdajylar ugradylýan we eltilmeli ýer görkezmek arkaly hasaplanylýar.

651565e5e91e9018703406.jpg

Poçta aragatnaşyk kärhanasynyň üsti bilen ýük ugratmagyň esasy aýratynlygy, iberilen ýük tiz wagtda howpsuz eýesine gowşurylýar. Sebäbi ýük wagonlary welaýatlaryň ählisine gündelik gatnaýar. Çaparlar kärhananyň awtoulagynda sargyt boýunça ýüki özleri hem alyp gaýdýarlar. Bu hyzmaty ulanmak üçin pasportyň ýa-da şahsyýeti anyklaýan beýleki resminamalaryň görkezilmegi möhümdir.

651565f9a083e164782059.jpg

Häzirki wagtda “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň hödürleýän hyzmatlaryndan döwlet we hususy taraplar, şol sanda raýatlar hem uly islegden peýdalanýarlar. Giňişleýin maglumat almak üçin: (+993 12) 94-20-34 ýa-da gysga belgili 075.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

18:36 Iýul 14, 2026
TDHÇMB-da diňe gaz we dokma önümleri däl, eýsem suw gyzdyryjylar bilen sanitariýa enjamlary hem eksport üçin satyldy

TDHÇMB-da diňe gaz we dokma önümleri däl, eýsem suw gyzdyryjylar bilen sanitariýa enjamlary hem eksport üçin satyldy

17:30 Iýul 14, 2026
Sanly tehnologiýalar Daňdanakan metjidini nädip halas edýär

Sanly tehnologiýalar Daňdanakan metjidini nädip halas edýär

17:25 Iýul 14, 2026